Ï Türkmenistanyň medeniýet işgärleri «Dünýä halklarynyň eposlary» atly Bütindünýä festiwalyna gatnaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň medeniýet işgärleri «Dünýä halklarynyň eposlary» atly Bütindünýä festiwalyna gatnaşdylar

view-icon 2712
Türkmenistanyň medeniýet işgärleri «Dünýä halklarynyň eposlary» atly Bütindünýä festiwalyna gatnaşdylar

Gyrgyzystanda «Dünýä halklarynyň eposlary» at bilen VIII Bütindünýä festiwaly geçirildi. Oňa Altaýdan, Galmygystandan, Dagystandan, Tuwadan, Sahadan (Ýakutiýa), Hakasiýadan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Fransiýadan we Türkmenistandan ussat aýdymçylar hem-de ozanlar gatnaşdylar.

Festiwalda «Görogly» şadessanynyň böleklerini ýerine ýetiren ýurdumyzyň at gazanan bagşysy Kerwen Ýowbasarow, şeýle hem ajaýyp şaý-sepler ýygyndysyny hödürlän ussat zergär Şazada Orazberdiýew Türkmenistana wekilçilik etdiler. Olar festiwalyň dabaraly açylyşyna we «Түндүк көтөрүү» - Parahatçylyk Ak öýüniň gümmezini galdyrmak dabarasyna gatnaşdylar.

Bişkegiň meýdançalarynyň birinde «Gyrgyz ýaýlagy» atly etnografik oba guruldy. Festiwala gatnaşyjylar we onuň myhmanlary üçin amaly-haşam sungatynyň we halk döredijiliginiň halkara sergisi guraldy. 

Çäräniň çäklerinde medeni köpdürlülik görkezildi we milli tagamlar hödürlendi. Gyrgyzystanyň «Manas» teatrynda «Taýtoru» spektakly we «Daragtyň aýdymy» çeper filmi görkezildi. «Iň gowy ak öý», «Göçegçi ýoly», «Iň gowy ozan» halkara bäsleşigi, «Eposyň köpugurly tebigaty: tipologiýasy we esasy etnik nusgalary» temasyndan halkara simpoziumy, dizaýnerleriň «Milli ýörelgeler we wagtyň şekili» at bilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik, «Ýaş aýdyjynyň mekdebi» at bilen ussatlar sapagy we sahnalaşdyrylan gala-konsert guraldy hem-de bäsleşikleriň ýeňijileri sylaglanyldy.

Üç günläp merkezi meýdançada her bir halkyň özboluşlylygyny açyp görkezýän ajaýyp eposlardan we dessanlardan parçalar, şahyrana poemalar we rowaýatlar ýerine ýetirildi.

«Dünýä halklarynyň eposlary» atly Bütindünýä festiwaly 2006-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Şu ýyl 28-30-njy maý aralygynda geçirilen bu çäre ussat manasçy Saýakbaý Karalaýewiň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlandy.