Ï Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň çäginde konsert geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň çäginde konsert geçirildi

view-icon 2032
Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet ýylynyň  çäginde konsert geçirildi

Ýakynda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýyly geçirildi. Bu Medeniýet ýylyna Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera orkestrinden düzülen topar, şol topara degişli mugallymlardyr talyplar, we sungat ussatlary gatnaşdylar. Medeniýet ýyly hökmünde geçirilen dabaraly çäreler 4 – 7-nji iýun aralygynda bolup, ýylyň ýapylyş dabarasy hökmünde konsert çäresi geçirildi.

Konsertde konserwatoriýanyň «Orkestr saz gurallary» fakultetiniň «Kirişli saz gurallary» kafedrasynyň uly mugallymy Tahyr Ataýewiň kamera orkestrinden düzülen topar, uly mugallymlar Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, professor Atageldi Garýagdyýew, Türkmenistanyň halk artistleri ussat aýdymçy Atajan Berdiýew, bagşy Almagül Nazarowa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan medeniýet işgärleri Amangeldi Amanow, Gözel Annahanowa, dutarda Aýgül Ýagşyýewa özleriniň ussatlyk başarnyklary bilen çykyş etdiler.

Konsertiň başynda kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde, ilki bilen, ussat kompozitor Aman Agajykowyň döreden «Dabaraly eser»-i ýaňlandy.

Konsertiň dowamynda şol orkestriň sazandarlyk etmeginde dutarçy mugallym Aýgül Ýagşyýewanyň çalmagynda meşhur «Şükür bagşy» filminde ýaňlanýan birnäçe saz parçalary ussatlyk bilen ýerine ýetirildi. Soňra aýdymçy Gözel Annahanowa bilen bilelikde «Mukamyň syry» kinofilminde ýaňlanýan Karkaranyň aýdymy ýaňlandy. Soňra bolsa Aýgül Ýagşyýewa türkmen halk sazy «Durdy bagşy» atly eserini ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Soňra bu dabaraly konsertde ussat halypa aýdymçylar çykyş etdi. Ýagny, Amangeldi Amanow Nury Muhadowyň sazyna «Türkmenistan lälezar», Çary Nurymowyň Ata Atajanowyň sözlerine döreden «Toý aýdymy», Daňatar Öwezowyň «Şasenem – Garyp» operasyndan Şabelediň ariýasy ussatlyk bilen ýerine ýetirilen bolsa, halypa Atageldi Garýagdyýewiň aýtmagynda meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň «Aşgabat» hem-de akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden «Uýat eýleýir» hem-de Daňatar Öwezowyň Ýuliý Meýtus bilen döreden «Şasenem – Garyp» operasyndan «Ezberhojanyň ariýasy» ýaly dürli aýdymlar ýaňlandy. Bu aýdymdyr ariýa eserleri konserte gatnaşýan tomaşaçylaryň dabaraly gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Konsert türkmen we hytaý halk, liriki aýdym-sazlaryndan düzülen dürli çykyşlar bilen dowam etdi.

Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti, bagşy Almagül Nazarowa orkestr bilen «Daglara» hem-de «Şasenem – Garyp» operasyndan «Gyzlar göteriň sandygy» atly aýdymyny belent heňde ýerine ýetirdi.

Soňra konsertde Türkmenistanyň halk artisti, ussat mugallym Atajan Berdiýew, ilki bilen, kompozitor Ýao Çeniň Ulykpan Žoldaşowyň sözlerine doganlyk ýurdumyzyň aýdymy bolan «Eje» atly aýdymyny, soňra bolsa Nury Halmämmedowyň Mollanepesiň sözlerine döreden «Gyz» atly romansy ussatlyk bilen ýaňlandy. Soňra bolsa Gözel Annahanowa hytaý halk aýdymy «Jasmin» kamera orkestriniň sazandarlygynda ýaňlandy.

Birnäçe aýdymly çykyşlardan soňra konsert ajaýyp sazlar bilen sahnany gurşap aldy. Tahyr Ataýewiň talyplardyr mugallymlaryndan düzülen orkestr topary kompozitor Röwşen Nepesowyň «Skerso» hem-de hytaý halk sazy bolan «Uzakdan gelen myhmanlar» atly sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, konsertde oturanlarda uly täsir galdyrdy.

Konsertiň jemleýji pursatlarynda bolsa birnäçe dabaraly aýdymlar ýaňlandy.

Atajan Berdiýew we Gözel Annahanowa Weli Muhadowyň we Adrian Şapoşnikowyň bilelikde döreden «Kemine we kazy» operasyndan Ogulbeg bilen Daňataryň hem-de Aýlar bilen Çaryýaryň aýdyşygy ussatlyk bilen ýaňlanyp, dabaraly konserte gatnaşanlara uly täsirlenme goýup, olaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Konsertde Atageldi Garýagdyýew Ž.Rossininiň «Figaronyň ariýasy» jemleme hökmünde ussatlyk bilen ýerine ýetirip, gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldy. Soňra bolsa konsert Weli Muhadowyň Abaýdy Lokgaýewiň sözlerine döreden «Gel Türkmenistana» atly aýdymy bilen ähli konserte gatnaşyjylaryň ýerine ýetirmeginde dabaraly ýaňlanyp, konserti jemledi.