Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygyna Türkmenistan ýurdumyz ägirt uly üstünlikleri gazanýar. Şeýle üstünlikleriň hatarynda, ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgertmeler, gurulýan döwrebap orta we ýokary okuw mekdepler muňa mysal bolup biler.
Şeýle hem geçirilýän zehin bäsleşikleri, halkara çäreler ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli, watansöýüji nesiller bolup ýetişmeklerine uly ýardam berýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem, ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde guramaklarynda geçirildi. «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeňleriniň arasynda «Talyp joşguny – 2025» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry köp adamly boldy.
Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýaş zehinleri terbiýeläp ýetişdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň ösüşini joşgunly wasp edýän, türkmeniň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesle içgin öwredýän, ony dünýä ýaýýan, ýaşlaryň aýdym-saz, tans sungatynda, halk döredijiliginde başarnyklaryny açyp görkezýän festiwaly, ençe ýyllardan bäri ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda geçirmek indi däbe öwrüldi.
Ýerine ýetirilen çykyşlar örän gyzykly we täsirliligi bilen tapawutlanyp, sagdyn we berk bedenli ýaşlarymyzyň ýurdumyzyň ösüşlerini öz zehinleri bilen halk arasynda ýaýbaňlandyrmaklary, döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, öz hünärleriniň ussatlary bolup hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza, ata Watanymyza, halkymyza bolan çäksiz söýgüleriniň beýany boldy.
Festiwalyň maksady ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek bilen, olaryň dost-doganlyk tanyşlyklarynyň we gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna uly mümkinçilikden ybaratdyr.