Ï Merkezi Aziýaly suratkeşleriň işleri Aşgabatda «Nadar» galereýasynda görkezilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Merkezi Aziýaly suratkeşleriň işleri Aşgabatda «Nadar» galereýasynda görkezilýär

view-icon 1353
Merkezi Aziýaly suratkeşleriň işleri Aşgabatda «Nadar» galereýasynda görkezilýär

Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynyň «Nadar» galereýasynda özbegistanly, gazagystanly, gyrgyzystanly we täjigistanly suratkeşleriň döredijilik işleriniň hususy sergisi geçirilýär.

«Central Asian Modern Art Through a Private Collector's Eye» taslamasy Merkezi Aziýanyň häzirki zaman sungatyna hiç hili berk düzgün bolmazdan, diňe toplaýjynyň islegine we gyzyklanmasyna laýyklykda döredilen şahsy ýygyndynyň täsiri bilen aýrybaşga nazar salmagy teklip edýär. Suratlaryň her biri suratkeşiň aç-açan gepleşiklere we çuňňur duýga çagyrýan şahsy hekaýatydyr.

Guramaçylaryň aýtmaklaryna görä, sergide goýlan işler 1940-njy ýyllardan biziň günlerimize çenli döwri öz içine almak bilen, dürli nesilleriň uslybynyň dürlüligini görkezýär. Eýsem-de bolsa, bu Merkezi Aziýa sungatynyň geçmişi beýan etmegi däl-de, eýsem sebitiň käbir görnükli suratkeşleriniň işiniň ajaýyp taraplaryny görkezmäge eden synanyşygydyr. Häzirki wagtda bu işleri diňe Aşgabatdaky sergide görmek bolýar.

Bu ýerde berk muzeý gymmatlyklary ýok. Bular Merkezi Aziýada sungatyň döremegine we ösmegine ep-esli täsir eden işlerdir. Sergä gatnaşýan suratkeşleriň hemmesini, däp-dessurlaryň hem çäginde, hem tersine hereket edip, täze aňladyş dilini gözlemek baradaky umumy isleg birleşdirýär.

Sergä gatnaşýanlaryň arasynda Tatýana Glebowa, Zelimhan Saidjanow we Andreý Krikis ýaly ussatlar bar, olaryň işleri Merkezi Aziýanyň giden bir sungat mekdeplerini emele getirdi.

Olar bilen birlikde Aleksandr Barkowskiý, Anna Iwanowa, Bagtyýar Serkekeýew we Zlata Beord ýaly häzirki zaman wekilleri-de görkezilýär, bular dürli mazmunlary utgaşdyrmakda batyrlyk we täzeçillik görkezýärler.

Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Filipp Merleniň serginiň açylyşynda belläp geçişi ýaly, tizden türkmen sungatynyň ajaýyp eserleri görkeziler. Häzirki görkeziliş bolsa ýakyn wagtda boljak çärä möhüm goşundydyr. Bu serginiň açylyşyndan öň «Sanly nesiller» we häzirki zaman tans çykyşy ýaly beýleki medeni çäreler geçirildi «Rituals»

Merkezi Aziýaly suratkeşleriň sergisi sentýabr aýyna çenli dowam eder, giriş hemmeler üçin tölegsizdir.