Ï 2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeligi «Şükür bagşy» sahna oýny bilen açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeligi «Şükür bagşy» sahna oýny bilen açyldy

view-icon 2317
2025-nji ýylyň Medeniýet hepdeligi «Şükür bagşy» sahna oýny bilen açyldy

Ahal welaýatynda dabaraly ýagdaýda açylan Medeniýet hepdeliginiň birinji gününiň täsirli wakalaryndan biri «Şükür bagşy» sahna oýnunyň görkezilmegi boldy. Kaka etrabynyň studiýa teatrynyň topary tarapyndan sahnalaşdyrylan bu sahna oýny Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa ...» atly kitabyndan ylham alýar. Kitapda köp asyrlyk çeperçilik däplerinden gözbaş alyp gaýdýan jadyly hünär eýesiniň janly beýany hökmünde görkezilýän bagşynyň köp taraply sungaty beýan edilýär.

XIX asyryň ahyrynda bolup geçen wakalar barada gürrüň berýän bu sahna oýnunyň ýordumy parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesine bagyşlanýar. Onda agasynyň ýesir düşenini eşidip, diňe dutary bilen ýeke özi ýat ýurda giden meşhur türkmen sazandasy barada gürrüň berilýär. Ol ezber sazanda bolandygy üçin garşydaşyny ýaryşda ýeňip, agasynyň azat edilmegini gazanýar.

Teatr studiýasynyň artistleri gahrymanlarynyň keşplerine doly girmek bilen, täsirli oýun görkezdiler.

– Biz, studiýa işgärleri üçin Medeniýet hepdeligini açmak uly hormatdyr. Biziň artistlerimiz – dürli ýaşda, ýöne olaryň ählisi-de teatra berlen. Bizde uly döredijilik meselelerini çözmäge ukyply ajaýyp, özboluşly topar döredi – diýip, Kaka etrabynyň teatr studiýasynyň müdiri Toýly Gurbangeldiýew belläp geçdi. – «Şükür bagşy» sahna oýny Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady berkden tutulan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän parahatçylykly daşary syýasaty aýdyň görkezýär.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanan Medeniýet hepdeligi dowam edýär. Onuň çäginde konsertler, sergiler, täze filmleriň görkezilişi, usulyýet maslahatlary, seminarlar, metbugat forumy, döredijilik duşuşyklary we şygryýet agşamlary göz öňünde tutulypdyr.