Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda «Hytaý gözelligi. Görýäris we öwrenýäris» atly serginiň ýapylyşy boldy. Sergi Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Medeniýet ministrligi bilen bilelikde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan ýola goýuldy.

Bedewlere bolan söýgi hytaý we türkmen halklaryny ysnyşdyrýar. Aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň bir aýyň dowamynda hytaýly ussatlaryň bu mowzukda döreden seýrek şekillendiriş sungaty eserleri bilen tanyşmaga hem Hytaýyň ussatlarynyň ajaýyp eserlerinden doly lezzet almaga mümkinçiligi boldy. Ine-de, serginiň soňky güni gelip ýetdi.

Serginiň ýapylyş dabarasyna Türkmenistanda işlemäge ygtyýarlandyrylan birnäçe ilçihananyň işgärleri, suratkeşler, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň hünärmenleri, şeýle hem Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdy.

Bu sergide gadymy hytaý ussalarynyň ýasan 155 sany eýeriniň täsin ýygyndysynyň bolandygyny ýatladýarys. Her eýer – bir taryh. Belki-de, Beýik Ýüpek ýolunyň rowaç döwründe olaryň köpüsi atlylary ýurtdan-ýurda alyp gidendir. Olaryň şu güne çenli ajaýyp suratda saklanmagynda gön, şirmaýy we bürünç bezegleri ussatlyk bilen timarlaýan ussalaryň-da eli bar.

Bedewlere bolan sarpa häzirki zaman hytaý suratkeşleriniň şekillendiriş işlerinde we özboluşly biçüw eserlerinde giňden görkezilýär. «Dehua» atly ajaýyp ak farfordan ýasalan 40 sany naşyja heýkeljikler ýygyndysy Türkmenistanyň halky üçin ajaýyp sowgat boldy. Farforyň gar ýaly aklygy we heýkelleriň köp sanly ownuk jikme-jiklikleri gaýtalanmajak özboluşlylygy bilen haýran galdyrýar. Ýeri gelende aýtsak, häzirki zaman hytaýly ussatlaryň elinden çykan birnäçe heýkel ahalteke bedewlerine bagyşlanýar.

Sergä gelenler Hytaýyň muzeýleriniň gymmatbahaly işlerine Daňatar Öwezow adyndaky döwlet sazçylyk mekdebiniň kirişli saz gurallary dörtlüginiň çalan mukamlary astynda ýene bir gezek göz aýlap hoşlaşdylar. Bu ýere gelenleriň köpüsi sowgat berlen oýunjaklary – owadan reňklenen aždarhalary, pandalary, ýylanlary, şeýle hem sergide görkezilen eksponatlaryň beýany bolan kataloglary sergiden ýadygärlik hökmünde alyp gitdiler.
