«Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Jessika Linniň amerikan «kantri» rok toparynyň konserti uly üstünlik bilen geçdi. Toparyň çykyşyndan öň bolan kiçeňräk metbugat ýygnanyşygynda Jessika özleriniň döredijilik toparyna «maşgala topary» diýip boljakdygyny aýtdy: Jessikanyň ejesi Wiktoriýa Kalamera klawişli saz guralyny, kakasy Piter Kalamera bas gitara, adamsy Stiwen Sterpaçi gitara çalýar we diňe maşgalanyň dosty Mett Bauer deprekli çykyş edýär.
– Men Nýu-Ýorkda doguldym, ol ýerde «kantri» usuly o diýen meşhur däl, ýöne kakam mende çagalykdan amerikan daýhanlarynyň aýdymlaryna söýgi döretdi – diýip, Jessika Linn özi hakda gürrüň berdi. – Toparymyz döredilenden 10 ýyl geçdi we şu döwür içinde bagtymyza 20 ýurtda bolup görmek düşdi. Hemme ýerde-de tomaşaçylar biziň çykyşlarymyzy düşünjelilik bilen kabul edýärdi.

Rok toparymyz Türkmenistanda – ilkinji gezek. Paýtagtyňyzyň arassalygy bizi geň galdyrdy. Aşgabatlylaryň öz şäherini gaty gowy görýändikleri duýulýar. Ýogsa-da, men magistr derejäm bolansoň, onlaýn akademiýada dünýäniň çar künjeginden islegi bolan hemmelere ders berýärin. Ine, şu ýerde, meniň okuwçym Döwran Şammyýew bilen duşuşmak meniň üçin diýseň ýakymly boldy.
Jessika gitaranyň ilkinji kakuwlaryndan özüniň maýyl edijiligi, adaty gatnaşygy, açykgöwünliligi bilen tomaşaçylary özüne çekdi. Rok toparynyň bütin gün dowam eden işden soň dynç almak üçin niýetlenen konsertiniň belent ruhuny, joşgunly, depginli sazlaryny aşgabatly tomaşaçylar uly gyzyklanma bilen kabul etdiler.

Ildeşimiz Döwran Şammyýewiň Jessika Linn bilen bilelikdäki çykyşy tomaşaçylar üçin garaşylmadyk ýakymly sowgat boldy. Olar bilelikde Duffiniň, Waýnhausyň we Reý Çarlzyň meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar bu çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.
Konsertiň soňky sany ýene bir garaşylmadyk sowgat boldy – sahna tanymal türkmen jaz aýdymçysy Maýsa Nyýazowa çykdy. Ol Jessika Linn bilen bilelikde «Hakyky zenan bolmak üçin, ähli zat bar mende» (Şania Twain) atly meşhur aýdymy ýerine ýetirdi.

Amerikan rok toparynyň iki ýurduň medeni hyzmatdaşlygyna ajaýyp sahypa goşan konserti gutlaglar, gül desseleri we ýadygärlik suratlar bilen tamamlandy. Konsert Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýola goýuldy.
– Maňa ýatdan çykmajak sowgat almak bagty ýetdi – diýip, Döwran Şammyýew gazetimiziň okyjylary üçin söhbetdeşlikde aýtdy. – 2022-nji ýylda «Аmerican music Abroad» onlaýn akademiýasy onlarça ýurtdan öwrenje aýdymçylary saýlap aldy. Türkmenistandan men saýlandym. Bizi toparlara bölüp, konsertleri we döredijilik gezelençlerini guramagy, şeýle hem garaşsyz sungat işgärleriniň üstünliginiň beýleki syrlaryny açyp görkezen halypa bellendi. Meniň halypam Jessika Linn boldy. Onuň maslahatlary meniň üçin gaty gymmatlydy. Onuň konsert bermäge Türkmenistana gelýändigini eşidenimde we maňa onuň bilen bir ýerde çykyş etmek teklip edilende, gaty begendim. Jessika bilen ýerine ýetiren bilelikdäki çykyşymyz tomaşaçylary begendirendir diýip umyt edýärin.