Golaýda Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat döwlet we hökümet Baştutanlaryny, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemläp, ählumumy syýasy dialogyň merkezine öwrüldi.
Şu gün Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Täze ýylyň öňüsyrasyndaky däp bolan baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri hasaplanýan “Ýylyň parlak ýyldyzy” atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa «FIT International» konsalting kompaniýasynyň esaslandyryjysy we prezidenti Kýort Edwards bilen duşuşdy.
2025-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň üçünji duşuşygy geçirildi.
Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ýokary derejeli wekilleri — döwlet we hökümet Baştutanlary halkara gatnaşyklarynda ulgamlaýyn çemeleşmäni yzygiderli ilerledýän Türkmenistanyň öňbaşçylygyny ykrar etdiler. Bu barada maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenilýär.