19.02.2026
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda 2026-njy ýylyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly şygaryna bagyşlap, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu çärä Rumyniýada ýaşaýan türkmen talyplary we türkmen raýatlary gatnaşdylar.