29.08.2026
2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçihanasynda 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine, şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «2028-nji ýyl - Halkara hukugyň ýyly» atly Kararnama bagyşlanan maslahat geçirildi.