2025-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Halkara sergiler býurosynyň Baş sekretary Dimitri Kerkentzesiň arasynda duşuşyk geçirildi.

2025-nji ýylyň 18-nji martynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi M.Işangulyýew «TRT Avaz» teleýaýlymynyň başlygy Ýüjel Kylyçkaýa bilen duşuşdy.

Paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum geçirilýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän giň gerimli sergi ýurdumyzyň öndürijileri tarapyndan hödürlenýän azyk önümleriniň köplügini görkezýär.

17-nji martda esaslandyrylanyna 17 ýyl dolan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň üstünlikleri mynasybetli geçirilen baýramçylyk sergisinde bu ýere gelenler hususy kärhananyň öndürýän täze önümleri, iri gurluşyk, senagat kompaniýalarynyň işi, gök-önümlerdir ir-iýmişler, süýt, et, şöhlat, konditer önümleri, miwe şireleri bilen içgin tanyşdylar.
