Lebap welaýatynda üstümizdäki oba hojalyk ýylynda 1 müň 400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 600 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Ženewada BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (ÝYK) Içerki ulag boýunça komitetiniň (IUK) 88-nji mejlisi öz işine başlady. Bu komitet ulag we ulag syýasatynyň ösdürilmegi boýunça esasy halkara meýdançalarynyň biridir.
2026-njy ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2028-nji ýylda Halkara hukugynyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji maslahat geçirildi.
2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasynyň binasynda 2026-njy ýylyň "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" atly şygaryna bagyşlap, şeýle hem Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli çäre geçirildi. Bu çärä Rumyniýada ýaşaýan türkmen talyplary we türkmen raýatlary gatnaşdylar.
«Kompozitor» atly çeper film 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Türkiýe Respublikasynda geçirilen Türkmen kinosynyň günleriniň çäginde, Ankara şäherindäki Ýaşar Kemal adyndaky Medeniýet merkezinde görkezildi hem-de baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi.