22.07.2025
4298
Täze zawod Daşoguz welaýatynyň ýol infrastrukturasynyň ösmegine mynasyp goşant goşýar
Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň ýol gurluşygy we döwrebaplaşdyrylmagy işlerinde «Daşoguz ýol gurluşyk, abatlaýyş we önümçilik kärhanasy» asfalt zawodynyň işgärler topary hem mynasyp goşant goşýarlar. Geçen ýyl ulanmaga berlen bu zawod sagatda 240 tonna önümçilik kuwwatyna eýedir.
21.07.2025
3745
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
21.07.2025
2654
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlanýarlar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzda bolup geçjek halkara ähmiýetli waka – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) bagyşlanan bilim beriş-düşündiriş çäreleri geçirilýär.
21.07.2025
7887
Türkmen pälwanlary 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda iki bürünç medal gazandylar
Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde geçirilen 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda sport göreşi boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri iki sany bürünç medala mynasyp boldular. Bu üstünliklere Aşgabat şäherindäki 9-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Meret Durdyýew hem-de paýtagtymyzyň «Olimp» orta sport mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Jeýhun Hakberdiýew eýe boldular.
21.07.2025
6372
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy müşderiler üçin täze ulgamy işe girizdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy resmi saýtynda müşderiler üçin täze «Şahsy otag» ulgamyny işe girizdi.
21.07.2025
3692
Türkmenistanyň we Tunisiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler
2025-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Tunis Respublikasynyň Daşary işler, migrasiýa we daşary ýurtdaky tunislileriň işleri boýunça ministri Mohamed Ali Naftiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
21.07.2025
4443
Tutanýerli zähmet – ýokary netije
Ýüpekçilik ýurdumyzda esasy pudaklaryň biri bolup, ol köklerini has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Gymmatly çig mal hasaplanýan ýüpek ýurdumyzyň ýeňil senagatynda aýratyn orna eýedir.
21.07.2025
3461
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 69 million 190 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
21.07.2025
2270
«Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw geçirilýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardamy we ýurduň Hazar deňiz institutynyň, şeýle hem Halkara ummanlar institutynyň guramaçylyk goldawy bilen iýul aýynyň 14–25-i aralygynda Arçabil myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Hazarýaka bäş döwletiň wekilleri üçin «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw geçirilýär.
21.07.2025
2767
Gyrgyz nusgawy eserleri – türkmen teatrynyň sahnasynda
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary Çingiz Aýtmatowyň «Ýüzbe-ýüz» eseri boýunça sahna oýnuny taýýarlaýar.