17.05.2024
12317
Beýik Magtymgulynyň ýadygärligi belentden seleňläp görünýär
Şu gün agşam paýtagtymyzyň günorta böleginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy.
17.05.2024
11380
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Bu gün türkmen halky uly toý toýlaýar. Paýtagtymyz Aşgabadyň gözel künjeginde, Köpetdagyň eteginde türkmeniň beýik ogly, Gündogaryň meşhur akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara derejede geçirilýän bu dabara bilen siziň ähliňizi tüýs ýürekden gutlaýaryn.
17.05.2024
2967
Türkmenistanyň Prezidenti «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.
17.05.2024
3655
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda uly ruhubelentlikde bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, ata Watanymyzy ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak, halkara abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alyp barýan tutumly işleriňiziň hemişe rowaçlyga beslenmegini arzuw edýärin.
17.05.2024
3126
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň adyndan Size tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
17.05.2024
10402
Magtymgulynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň gymmatly mirasy
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahat öz işine başlady.
17.05.2024
9370
Ylymlar güni mynasybetli halkara ylmy maslahat geçiriler
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda «XXI asyrda ylym we bilim» atly halkara ylmy onlaýn-maslahaty geçiriler.
17.05.2024
7075
Türkmenistanda öndürilýän ýertudana isleg uly
Ýerli «Tudana» hususy kärhanasynyň önümleri häzirki zaman azyk önümçiligi tehnologiýalarynyň halkara sergisinde görkezilýär. Türkmenistanda iri ýertudana öndüriji bu kärhana ýylboýy datly miweleri ýetişdirýär.
17.05.2024
5471
Daşoguzly mekdep okuwçysy halkara çeper söz döredijilik bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 24-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy Leýli Zafarowa «Söz fabrigi-2024» söz döredijiliginiň IV halkara bäsleşiginde ikinji orny eýeledi.
17.05.2024
6932
«Toprak» hojalyk jemgyýeti halkara sergide öz önümlerini görkezdi
Sergide Türkmenistanda gasynlanan karton we kagyz gaplar önümçiliginde gazanan üstünlikleri bilen tanalýan «Toprak» hojalyk jemgyýeti hem öz önümlerini görkezdi.