Hyzmatdaşlyk
14.11.2023
5872
Türkmenistan bilen UNEP-iň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi
2023-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy geçirildi.
13.11.2023
5650
Türkmenistan gümrük we serhet gulluklarynda elektron okuwy ornaşdyrmak üçin öňdebaryjy tejribäni öwrenýär
Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän Merkezi Aziýada serheti dolandyrmak boýunça Maksatnamanyň guramagynda geçirilen okuw maslahaty türkmen hünärmenleri üçin elektron okuw usulyýetini ornaşdyrmak we elektron okuw platformasyny ulanmak bilen baglanyşykly boldy.
11.11.2023
7415
Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň (OHCHR) Merkezi Aziýa boýunça edarasynyň sebitleýin wekili Matilda Bogner bilen gepleşikleri geçirdi.
11.11.2023
6635
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Aşgabada iş sapary bilen gelen ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory Matteo Mekaççiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
10.11.2023
4587
Türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygy boýunça pikir alyşmalar geçirildi
2023-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Federal Milli geňeşiniň agzasy, «Hidaýah» zorlukly ekstremizme garşy Halkara merkeziniň direktorlar geňeşiniň başlygy Ali Raşid Al-Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi.
10.11.2023
5536
Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi A.Möwlamow Yslamabadyň kiçi söwdagärler we kiçi senagatçylar edarasynyň prezidenti Sajjad Sarwar we Yslamabadyň söwda-senagat edarasynyň prezidenti Ahsan Zafar Bahtawariniň ýolbaşçylygyndaky wekilýet bilen duşuşyklary geçirdi.
10.11.2023
6544
Türkmenistan Korrupsiýa garşy halkara akademiýanyň agzasy boldy
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işler boýunça Federal ministrliginiň binasynda Korrupsiýa garşy halkara akademiýasyny (IACA) halkara gurama hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga Türkmenistanyň goşulýandygy baradaky güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi.
09.11.2023
5018
Türkmenistanda Filippinler Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Filippinler Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Roberto G.Manalodan ynanç hatyny kabul etdi.
08.11.2023
5101
Türkmenistanyň Palestinanyň halkyna ynsanperwerlik kömegi
Giň gerimli, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
08.11.2023
4088
Türkmenistan «G7» we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew Merkezi Aziýanyň we «Uly ýediligiň» («G7») ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň duşuşygyna onlaýn görnüşde gatnaşdy.