Hyzmatdaşlyk
12.03.2021
3481
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi.
12.03.2021
5120
Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi
Şu gün Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Beýik Britaniýanyň “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
11.03.2021
3236
Aşgabadyň we Kiýewiň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaşlygy ösdürmegi göz öňünde tutýarlar
10-njy martda geçirilen wideoduşuşyk Halkara Ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Kiýewiň Taras Şewçenko adyndaky Halkara gatnaşyklary institutyny (Ukraina) birleşdirdi. Onlaýn-duşuşyk şanly senä - şu ýyl Türkmenistanda hem, Ukrainada hem bellenilýän Garaşsyzlygyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.
11.03.2021
1964
Onlaýn-duşuşygyň gün tertibinde – ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň we halkara guramalarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygynda ulag ulgamynda özara gatnaşyklaryň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
11.03.2021
3019
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
10.03.2021
3553
Türkmenistanyň we GAR-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary özara saparlary göz öňünde tutýarlar
Wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredow Günorta-Afrika Respublikasynyň halkara gatnaşyklary we hyzmatdaşlyklar ministri hanym Naledi Pandor bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
10.03.2021
3179
Tbiliside ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň we Gruziýanyň jemgyýetçiliniň wekilleri Türkmenistanyň gazananlary bilen tanyşdylar
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygna hem-de 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edimegine bagyşlanan onlaýn-maslahat geçirdi.
10.03.2021
3729
Onlaýn-duşuşykda Türkmenistanyň Kazandaky Söwda öýüniň işiniň ugurlaryna garaldy
10-njy martda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Türkmensöwda» Döwlet kärhanasynyň wekilleriniň «Торгово-технический дом Татнефть» JÇJ-niň wekilleri bilen onlaýn-duşuşygy geçirildi. Duşuşyga şeýle hem Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsuly Atadurdy Baýramow gatnaşdy.
10.03.2021
3913
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Şu gün degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri awiasiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri bilen onlaýn maslahata gatnaşdylar. Maslahat “Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
09.03.2021
4223
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün Amerikanyň muzeý işini guramak babatda ýöriteleşdirilen “Gallagher & Associates” kompaniýasyna degişli Smitson institutynyň milli taryh muzeýiniň ýolbaşçylarynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň wekilleriniň, muzeýleriň hem-de habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde maslahat geçirildi.