mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Medeniýet

news-photo

09.05.2024

total-veiw

5654

London şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

2024-nji ýylyň 7-nji maýynda Türkmenistanyň Beýik Britaniýadaky Ilçihanasy tarapyndan London şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi.

news-photo

08.05.2024

total-veiw

6191

Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen uly konsert «Men seni söýýärin, durmuş» atly aýdym bilen açyldy. Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfonik orkestriniň ýerine ýetirmeginde Eduard Kolmanowskiniň sazy ýaňlandy.

news-photo

07.05.2024

total-veiw

5517

Aşgabatda «Türkmen-Türk doganlygy» sergisi geçirildi

Geçen dynç günleri Bilelikdäki türkmen-türk mekdebinde türkmen palawyny we türk usulynda bişirilen noýba datmaga, şeýle hem Türkiýäniň hem-de Türkmenistanyň medeni däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi.

news-photo

06.05.2024

total-veiw

5815

Magtymguly Pyragynyň şygryýeti nusgawy sazyň gözelliginde

«Watan» kinokonsert merkezinde «Kamerata Aşgabat» orkestri tarapyndan ýerine ýetirilen nusgawy saz muşdaklary üçin konsert uly üstünlik bilen geçdi.

news-photo

06.05.2024

total-veiw

6488

Türkmen kinematografçylary tarapyndan surata düşürilen Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan film Gyrgyzystanyň teleýaýlymlarynda görkezilýär

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemeginiň çäklerinde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi dokumental filmleriň tapgyryny surata düşürmek boýunça ençeme işleri amala aşyrdy.

news-photo

06.05.2024

total-veiw

5961

Yslam Babaýewiň dolan gününiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp ýaş gitaraçylaryň konserti geçirildi

Yslam Babaýewiň ady türkmen saz sungatynyň taryhyna ymykly girdi. Ol Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk ýörite orta hünär mekdebinde we konserwatoriýada gitara ugruny açyp, milli gitara mekdebiniň kemala gelmegine we ösmegine saldamly goşant goşdy.

news-photo

06.05.2024

total-veiw

4714

«Türkmenistan» halkara žurnaly şu ýylky ilkinji sanyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlady

Russiýanyň maglumat giňişliginde ýer alan Türkmenistan hakyndaky ýeke-täk halkara suratly žurnal şu ýyl ilkinji sanyny Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlady.

news-photo

04.05.2024

total-veiw

6988

Hojamuhammet Çüriýewiň Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döreden suratlarynyň sergisi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeş Hojamuhammet Çüriýewiň akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan suratlarynyň we grafiki işleriniň sergisi açyldy.

news-photo

04.05.2024

total-veiw

8331

Türkmen filmleri Türkiýede geçirilen halkara kinofestiwalynyň baýraklaryna eýe boldy

2024-nji ýylyň 2-3-nji maýynda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde «Turan» atly halkara kinofestiwaly geçirildi, döredijilik çäresini guraýjylar hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Türkiýäniň Medeniýet we Syýahatçylyk ministrligi çykyş etdiler.

news-photo

04.05.2024

total-veiw

7132

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň maý aýynda ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada belläp geçdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisde 2024-nji ýylda ýurdumyzda geçiriljek çäreler barada belläp geçdi.

...367