Medeniýet
27.02.2024
5462
«Çäksiz dünýä» atly ekologiýa sergisi açyldy
Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň ýanyndaky Fransuz institutynyň sergi zalynda «Çäksiz dünýä» atly ekologiýa sergisi açyldy. Bu sergi «Çäksiz dünýä» kitabynyň awtorlary Žan-Mark Ýankowiç bilen Kristof Bleýniň arasyndaky dialogy şekillendirýän komikslerden ybaratdyr.
26.02.2024
7645
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi Magtymgulynyň döredijiligi temasyndan bäsleşik geçirer
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ýaş diplomatlar mekdebi ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda «Magtymguly Pyragynyň parahatçylyksöýüjilik doktrinasy» atly bäsleşik geçirer.
24.02.2024
5985
Türkmenistanda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty geçiriler
Türkmenistanda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahaty geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow hasabat berdi.
24.02.2024
5589
Eziz Diýarymyzda şu ýylyň mart aýynda geçiriljek aýdym-sazly dabaralara we çärelere taýýarlyk görülýär
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa şu ýylyň mart aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmeginiň tertibi barada hasabat berdi.
23.02.2024
4869
Türkmenistanda Buddanyň heýkeliniň kellesini dikeltmek boýunça işler alnyp barylýar
Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde J.Pol Getti muzeýiniň (Los-Anjeles, Kaliforniýa) hünärmenleri bilen bilelikdäki taslamanyň çäklerinde ýerine ýetirilen Buddanyň heýkeliniň kellesiniň mundan beýläk dargamagynyň öňüni almak we ony dikeltmegiň aralyk netijeleri bilen tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
23.02.2024
8175
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk döredijiligi barada aýdyp berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dünýä nusgalyk döredijiligi barada belläp geçdi.
23.02.2024
6342
«Türkmenawtoulaglary» agentliginde Magtymgulynyň döredijilik mirasy barada wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň mejlisler zalynda geçirilen wagyz -nesihat duşuşygy 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirildi.
22.02.2024
6939
Şu ýyl ýurdumyzda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy belleniler
Aýhan Hajyýew heniz Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynyň talyby döwri Magtymguly Pyragynyň kanoniki portretiniň awtory hökmünde meşhurlyk gazanyp, türkmen žiwopisiniň taryhyna girdi.
21.02.2024
5741
Türkmenistanyň Ilçisi Ýerewan Döwlet uniwersitetinde okuw sapagyny geçirdi
2024-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçisi Muhammetgeldi Aýazow Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Gündogary öwreniş fakultetiniň talyplarynyň öňünde “Magtymgulynyň filosofiki mirasy – Türkmenistanyň daşary syýasat doktrinasynyň esasy” mowzugynda umumy sapak berdi.
21.02.2024
4584
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny tutuş ýurt derejesinde baýram etmek meýilleşdirilýär
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny tutuş ýurtda baýram edip, giňden bellemek barada Karara gol çekdi.