mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi

01.09.2023

total-veiw

8787

A.Jepbarow Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary wezipesine bellenildi

Azat Gadamowiç Jepbarowy, başga işe geçmegi sebäpli, «Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatmaly.

31.08.2023

total-veiw

6017

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, ilatymyz üçin has oňaýly ýaşaýyş we dynç alyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumynyň, şol sanda 4 gatly 6 sany 32 öýli, 4 sany 40 öýli we 2 sany 60 öýli ýaşaýyş jaýynyň, 1 sany 320 orunlyk umumybilim berýän orta mekdebiň, 1 sany 120 orunlyk çagalar bagynyň, 1 sany söwda we dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Dürli-ýaz» hususy kärhanasy bilen şertnamany, ýaşaýyş jaýlar we binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

31.08.2023

total-veiw

6255

AGPJ «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentligine iki sany gury ýük gämisini gurmak barada «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

31.08.2023

total-veiw

6933

M.T.Rozyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Merdan Täjimowiç Rozyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşatmaly.

31.08.2023

total-veiw

8063

G.G.Garlyýew hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Gurbangeldi Garlyýewiç Garlyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine bellemeli.

25.08.2023

total-veiw

7264

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi bellenildi

Nury Gutlyýewiç Gölliýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejäni bermeli.

25.08.2023

total-veiw

10531

Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda 2024-nji ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakyndaky» Karara gol çekdi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bugdaýyň öndürilişini has-da artdyrmak babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bu ugurda daýhan birleşikleriniň, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmek maksadyndan ugur alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk ministrligine ýerleriň kärendeçileri, peýdalanyjylary we eýeleri bilen şertnamalary baglaşmak esasynda welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde, 2024-nji ýylyň hasyly üçin ýurdumyz boýunça bellenen meýdana bugdaý ekip, degişli möçberde hasyl almagy üpjün etmek tabşyryldy.


25.08.2023

total-veiw

5856

«Ýaňlan Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli aýdym-saz sungatymyzy has-da ösdürmek, kämil aýdym-sazlar bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzyň şäherlerinden hem-de welaýatlaryndan sungata höwesli zehinli aýdymçy ýaşlary ýüze çykarmak, ýaş nesli çeper döredijiligiň rowaç menzillerine galkyndyrmak boýunça mähriban Watanymyzda ähli şertler döredilýär.

25.08.2023

total-veiw

6839

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite topar döredildi

Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin Türkmenistanyň raýatlaryna şahsy pensiýa bellemegi düzgünleşdirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň 40-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda Şahsy pensiýalary bellemek boýunça ýörite topar döredildi we şu toparyň düzümi, şeýle hem şahsy pensiýalary bellemegiň Tertibi tassyklanyldy.


25.08.2023

total-veiw

5382

Bilim ministrligine Aşgabatda binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumyny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan bilim edaralaryny has-da kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamany institutyň binalar toplumy üçin elektrik, aragatnaşyk, gaz, suw üpjünçiliginiň we lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlarynyň hem-de desgalarynyň durkuny täzelemek ýa-da täzelerini gurmak, olary umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

...488