Sport
06.05.2026
4683
«Arkadag» futbol topary 2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda öňdeligini saklaýar
Aşgabatda geçirilen iki duşuşyk bilen Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyry tamamlandy.
06.05.2026
7350
2026-njy ýylyň futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy badalga alýar
Şu gün futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň 35-nji möwsümi çärýek final duşuşygy bilen badalga alýar.
04.05.2026
4926
Türkmenistanda sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» şygary astynda geçirilen sport ýaryşlarynyň ýeňiji toparlaryny sylaglamak dabarasy boldy.
03.05.2026
4209
Türkmenistanyň türgenleri 2026-njy ýylyň dört aýynda 169 medal gazandylar
Şu ýylyň ýanwar – aprel aý aralygynda Türkmenistanyň türgenleri halkara ýaryşlarynda jemi 169 medala mynasyp boldular. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow 2026-njy ýylyň dört aýyndaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda habar berdi.
03.05.2026
2982
«Ahal» we «Merw» toparlary duşuşyklaryň soňky minutlarynda ýeňiş gazandylar
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 6-njy tapgyry Aşgabatda we Maryda geçirilen duşuşyklaryň ikisi bilen başlandy.
02.05.2026
4458
Türkmen wekiliýeti Windzor halkara atly oýunlara we atly ýaryşlara gatnaşar
Türkmenistanyň wekiliýeti Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýurduň Patyşa maşgalasy tarapyndan 16 – 17-nji maýda geçiriljek Windzor halkara atly oýunlaryna we ýaryşlaryna gatnaşar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow yglan etdi.
02.05.2026
3227
Türkmenistandan agyr atletika boýunça ýaşlar dünýä çempionatyna dokuz sany agyr atletikaçy gatnaşýar
Şu gün Müsüriň Ismailiýa şäherinde başlanýan 2026-njy ýylyň agyr atletika boýunça ýaşlar dünýä çempionatyna Türkmenistandan dokuz türgen gatnaşar. Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) yglan etmegine görä, zenanlar toparynda bäş, erkekler toparynda bolsa dört türgen bäsleşer.
02.05.2026
2466
Türkmen bedewleri «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar
Türkmenistan 9 – 10-njy maýda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiklerine ahalteke atlaryny çykarar. Behişdi bedewlerimiziň şöhratyny has-da artdyrmak maksady bilen geçirilýän bu halkara çärä gatnaşmaga görülýän taýýarlyk barada Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer T.Atahallyýew hasabat berdi.
30.04.2026
4196
Pekinda «Türkmenistan — Hytaý: dostluk, saglyk we ekologiýa diplomatiýasy» atly welosiped ýörişi geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde köpçülik sporty we fiziki terbiýäni ösdürmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegiň çäginde, şeýle hem Türkmenistanda geçirilýän Saglyk Milli aýyna bagyşlanyp, Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Hytaýdaky Ilçihanasynyň diplomatlarynyň, türkmen we hytaý ýaşlarynyň gatnaşmagynda dabaraly welosiped ýörişi geçirildi.
29.04.2026
3386
Türkmenistanyň gandbolçylary Hytaýda zenanlaryň arasynda geçirilýän VI Aziýa kenarýaka oýunlarynda bürünç medal ugrunda bäsleşer
Türkmenistanyň gandbol boýunça zenanlar ýygyndy topary Hytaýyň günortasynda ýerleşýän Haýnýan adasynyň kurort şäheri bolan Sanýada tamamlanmaga golaýlaşan VI Aziýa kenarýaka oýunlarynda bürünç medal ugrunda bäsleşmäge hukuk gazandy. Bu barada ýarym final duşuşyklarynyň netijelerinden belli boldy.