15.11.2022
4674
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparynyň rus tarapynyň başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi.
15.11.2022
3294
Türkmenistanda Uganda Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Uganda Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammad Tezikuba Kisambiradan ynanç hatyny kabul etdi.
15.11.2022
4671
Türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
Şu gün Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy boldy. Gün tertibine söwda-ykdysady we maliýe-bank, ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk, logistika, senagat ulgamlarynda, oba hojalygynda hem-de özara gyzyklanma bildirilýän, beýleki ileri tutulýan ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi.
15.11.2022
2797
Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara
Sizi ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda geçirilýän Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
15.11.2022
3511
Özbek we türkmen halklarynyň dostluk festiwalyna gatnaşyjylara
Türkmenistanyň Prezidenti, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa, şeýle hem şu günki dostluk festiwalyny guraýjylaryň ählisine festiwalyň Daşoguz şäherinde ýokary derejede geçirilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.
15.11.2022
5462
Ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we abadançylygyň ýoly bilen
Geçen hepdäniň wakalarynda ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady we ynsanperwer kuwwaty hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mundan beýläk-de ösüşiniň, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapdy.
15.11.2022
9941
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy üçin maglumat taýýarlygy
Şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny guramaçylykly geçirmek, ilata onuň maksady, geçiriliş tertibi we düzgünleri barada maglumat bermek üçin, Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komiteti birnäçe maglumat sahypasyny taýýarlady.
15.11.2022
6076
Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNISEF gender-duýgur bilimi öňe sürýär
2021 – 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda gender deňligi boýunça milli hereket meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ÝUNISEF gender-duýgur bilim ulgamynda milli mümkinçilikleri güýçlendirmek üçin tagallalaryny birleşdirýärler.
15.11.2022
9193
Muhammet Kössekow 27 ýyldan soň erkekleriň arasynda sambo boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistan üçin altyn medal gazandy
Bişkekde geçirilen sambo boýunça 47-nji dünýä çempionatynda türkmen sportunyň senenamasynda taryhy waka boldy. 27 ýyldan soň sportuň bu görnüşinde Türkmenistanyň wekili erkekleriň arasynda dünýäniň çempiony diýen ada mynasyp boldy.
15.11.2022
8584
Türkmenistanda himiýa boýunça Halkara internet-olimpiada geçirilýär
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 14-17-nji noýabrda himiýa boýunça Halkara talyplar internet olimpiadasy geçirilýär.