07.01.2022
17916
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygyna berk käýinç yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň başlygy Hudaýgulyýew Hajymyrat Şihmyradowiçe berk käýinç yglan edildi.
07.01.2022
9135
Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça iş duşuşyklaryny geçirmek üçin Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.
07.01.2022
9297
Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy
«Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de «Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Awiasiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
07.01.2022
9538
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
07.01.2022
8394
Halkymyzyň bähbidi
Bu pikir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynda nebitgaz toplumynyň dürli düzümleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren iş maslahatlarynyň esasy özenini düzdi.
07.01.2022
7692
«Altyn» saksofonyň mahmal owazy
Saksofon iň duýgur saz guraly diýýärler. Käbirleri öz köňlüni şatlandyrmak üçin ony çalmagy öwrense, beýlekiler onuň başga hiç saz guralyňka meňzemeýän juda owadan owazyny diňlemegi halaýarlar. Häzir elbetde, baý, mahmal tembrli we jadyly «owazly» saksofonyň gürrüňi edilýär.
07.01.2022
39792
Ogurjaly adasy – täsinlikler dünýäsi
Taryhy kökleri asyrlara uzap, gözýetmez giňişlikde salgym atyp, has alyslara ýaýylyp gidýän gojaman Hazar deňzine dahylly gyzykly maglumatlar kän.
07.01.2022
110956
Narpyz – myhmansöýerlik oty
Hemmämiziň belet otumyz narpyz, hakykatdan, taryhda yz galdyran we häzirem isleg bildirilýän güýçli derman serişdesi eken.
07.01.2022
8714
Irki hasyl üçin
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda güýzlük sogan önümçilik ýerleri ep-esli artdy. Mysal üçin, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň diňe «Nowbahor» daýhan birleşiginde sogan ösdürilip ýetişdirilen bolsa, indi munuň üçin beýleki hojalyklara hem ekin ýerleri bölünip berildi.
07.01.2022
6579
Halyçylaryň zähmet üstünlikleri
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň agzybir hem-de zähmetsöýer çeper elli halyçylary ene-mamalarymyzdan gelýän bu gadymy hünäre yhlas edip, 2021-nji ýyly ajaýyp zähmet üstünlikleri bilen jemlediler.