10.12.2021
2972
«Iş kesilenleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekildi
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
10.12.2021
7178
Seýitjan Mirzaýew agyr atletika boýunça bürünç medala mynasyp boldy
Agyr atletika boýunça Özbegistanyň paýtagty Daşkende geçirilýän dünýä çempionatynda Türkmenistanyň toparynda ikinji kiçi bürünç medal gazanyldy.
10.12.2021
17521
Ýangy gala – türkmen kanýony
Ýangy gala kanýony Türkmenistanyň owadan ýerleriniň biridir. Ol «Otly gala» diýen many berýär.
10.12.2021
8288
Hakara bilermenleriniň okuw sapaklary
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin «Gepleşikler prosesleri, käre ussatlyk we parahatçylyga hem-de howpsuzlyga ýardam etmäge inklýuziw gatnaşyk» temasyndan onlaýn-umumy saspaklar tapgyryny geçirýär.
10.12.2021
10879
Türkmenistandan dört surat GDA-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan surat sergisinde
Türkmenistanyň çäginde alnan dört sany hronikal fotosurat GDA-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki taslamanyň wirtual surat sergisine goşuldy.
10.12.2021
6004
Husraw Noziri Türkmenistanyň Prezidentini Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döredilen güni bilen gutlady
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Husraw Noziri hormatly Prezidentimizi Gurbanguly Berdimuhamedowy Guramanyň döredilen güni bilen gutlady.
10.12.2021
4668
Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň geçirilmegine uly goşant goşandygy üçin Bagdad Amreýew döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi
2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde guralan Türki Döwletleriň Guramasynyň 8-nji sammitiniň üstünlikli geçirilmegine uly goşant goşandygy üçin TDG-niň Baş sekretary Bagdad Amreýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk bildirdi.
10.12.2021
6983
Ýokary zähmet depgini bilen
Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri güýzlük ýeralmanyň bol hasylyny ýygnap, 2021-nji ýyly zähmet üstünligi bilen tamamlaýarlar. Geçen ýylda bolşy ýaly, bu ýyl hem güýzlük ýaralmany taýýarlamak boýunça tabşyryk ýerine ýetirildi.
10.12.2021
9613
Raýatlyk jemgyýeti guramalarynyň duşuşygy
Her ýylyň 10-njy dekabrynda bellenilýän Adam hukuklary güni mynasybetli BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary Komissarlygynyň (AHÝKM) edarasy Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde Merkezi Aziýada raýatlyk jemgyýeti guramalarynyň sebitleýin duşuşygyny gurady.
09.12.2021
7094
Bitarap Türkmenistanyň gazananlary — halkara sergide
Şu gün paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza we ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygaryna bagyşlanan “Baky Bitarap Türkmenistan” atly halkara wirtual sergi we maslahat açyldy. Bu dabaraly çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.