15.09.2021
6426
Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanasy «EXPO-2020» sergisiniň wideotanyşdyrylyşyny gurady
15-nji sentýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy 1-nji oktýabrda Dubaýda «EXPO-2020» sergisiniň dabaraly açylyşyna bagyşlanan onlaýn-webinar gurady.
15.09.2021
8583
Türkmenistan bilen Özbegistan suw hojalyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Daşkentde suw hojalygynyň meseleleri boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisi geçirildi.
15.09.2021
6502
GDA ýurtlarynyň çaga hukuklary boýunça wekilleriniň birinji duşuşygy geçdi
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetinde Arkalaşyga girýän ýurtlaryň çaga hukuklary boýunça wekilleriniň ilkinji duşuşygy bolup geçdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň çaga hukuklary boýunça wekili Anna Kuznesowa tarapyndan guralan onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekilleri gatnaşdylar.
15.09.2021
5809
Daşkentde türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlsi geçirildi
Daşkentde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň on altynjy mejlisi geçirildi.
15.09.2021
34903
Türkmenistanyň elektron döwlet hyzmatlary
Türkmenistanda hereket edýän döwlet hyzmatlarynyň we wezipeleriniň bitewi portaly https://e.gov.tm/tm/ internet ulanyjylara ýurduň döwlet edaralarynyň işine bagyşlanan saýtlaryň elýeterli katalogyny hödürleýär.
15.09.2021
7439
Mebel önümçiligi giňeldilýär
Daşoguz welaýatynyň Gubadag dolandyryş merkezinde dürli görnüşli mebel öndürmek başlandy. Bu täze hususy önümçiligi “Türkmen çarwa” hususy kärhanasy döretdi. Onuň düzümine önümçilik sehleri, taýýar önümi saklamak üçin ammar jaýlary, şeýle hem öndürilen önümleri hödürläp, satmak üçin dükan girýär. Mebelden daşgary, bu ýerde plastik penjireler, dürli biçüwli ýeňilden berk otag gapylary, ýyladyş batareýleri üçin bezeg enjamlary we beýleki önümler öndürilýär.
15.09.2021
5453
Türkmenistanyň we GFR-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn özara hereketleriň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Daşary işler ministri Haýko Maas bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. By barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
14.09.2021
8691
«Türkmenpoçta» «Çapar» goşundydan peýdalanmagy teklip edýär
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşygy kompaniýasy köpugurly «ÇAPAR» ykjam goşundy işläp taýýarlady, onuň kömegi bilen uzak aralykdan käbir hyzmatlary töläp, şeýle hem çapar çagyryp bolýar.
14.09.2021
16552
Türkmen talyplary aň-paýhas bäsleşigine gatnaşdylar
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmensitandaky wekilýeti türkmen talyplary üçin onlaýn-bäsleşik gurady. Intellektual bäsleşige Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Mili dünýä dilleri institutynyň talyplar toparlary gatnaşdylar.
14.09.2021
29454
«Meniň Watanym» Milli bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy
12-nji senrýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda «Meniň Watanym» atly çeper-publisitik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalynyň jemi jemlendi.