mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK
Arhiw
news-photo

03.07.2021

total-veiw

3907

Meredow we Çawusoglu Türkiýäniň Prezidentiniň Türkmenistana saparyna taýýarlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R. Meredow we Türkiýäniň Daşary işler ministri M. Çawusoglu Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana saparyna taýýarlyk meselesini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

news-photo

03.07.2021

total-veiw

7348

«Wozroždeniýe» şereketi: sile garşy berkitme gurluşygynyň täze döwri

“Wozrozdenie” şereketiniň Türkmenistandaky şahamçasy paýtagty silden goramaly desgalar toplumynyň gurluşygynda esasy gazuw işleriniň agramly bölegini tamamlap, beton işlerine başlady. Indi onuň öňünde (sil suwuny toplaýjyny, sorujy beketleri, geçiriji, süzüji we baş desgalary öz içine alýan) kanaldyr turbageçirijiler ulgamyny döretmek, bar bolan kanalyň durkuny täzelemek, ýol işlerini tamamlamak we elektrik üpjünçiligini ýola goýmak işleri dur.

news-photo

02.07.2021

total-veiw

5014

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

02.07.2021

total-veiw

2429

Türkmenistanyň Prezidentini daşary ýurtly kärdeşleri doglan güni bilen gutlaýarlar

Doglan günüňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, bagt hem-de öňde goýlan maksatlaryň üstünlikli amala aşmagyny arzuw edýärin.

02.07.2021

total-veiw

5309

Resmi habarlar

Ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini mineral dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine 140 müň tonna ammiak selitra dökünini satyn almak barada Özbegistan Respublikasynyň “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

news-photo

02.07.2021

total-veiw

5993

Türkmenistanyň energetika ministri GDA-nyň Elektroenergetika Geňeşiniň wise-prezidentligine saýlanyldy

GDA ýurtlarynyň Elektroenergetika Geňeşiniň (EEG) wideomaslahat görnüşinde geçirilen nobatdan daşary geňeşine Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Moldowanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de milli elektroenergetika kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

news-photo

02.07.2021

total-veiw

8629

Nyýazmyrat Dowodow zähmet we harby edermenligi wasp edýän suratkeşdir

1935-nji ýylda 14 ýaşly ýigdekçe Nyýazmyrat Dowodow Türkmen çeperçilik tehnikumynyň bosagasyndan ätledi – onuň roýalda saz çalmak höwesi  bardy. Ýaldyrap duran äpet gural akly-garaly düwmeleri bilen ony özüne çekýärdi. Nyýazmyrat Dowodowyň aşa zähmetsöýerligi ondan ajaýyp sazanda çykjagyna kepildi, emma durmuş başga hörpden gopdy. Tehnikumda ol Gündogar sungatynyň öňdebaryjy mekdebiniň uçurymy suratkeş Sergeý Beglýarowa duşup, onuň eserleri bilen tanşandan soň, sözüň doly manysynda surat çekmegiň ölemen aşygy boldy. 

news-photo

02.07.2021

total-veiw

39224

Türkmeniň uçar ganaty – bedew

At türkmen üçin maddy hem ruhy baýlyk saýylypdyr. Hawa, bedew barjamlylykdan, gurplulykdan nyşan bolsa-da, oňa haryt-mal hökmünde garalmandyr, çünki asyllylygyň, wepanyň, dostlugyň bahasy ýok ahyry.  Ady äleme dolan türkmen bedewlerinde hut şeýle ajap sypatlar jemlenen. Haýwanlaryň arasynda abraý-derejesi babatda ýolbarsa haýwanlar şasy diýilse, adamlar ahal-teke atlaryna «asman şasy» ýa-da «behişdi bedew» diýip, ony has arşa çykarypdyrlar. Aslynda ynsan atyna şeýle baha berip, ony öz derejesine göteripdir. Adamda üşük bar. Ol atda-da barmyka?

news-photo

02.07.2021

total-veiw

6381

Täze kärhana gurulýar

Daşoguz şäherinde suw emulsiýaly reňk we kafel ýelimini öndürjek hususy kärhananyň gurluşygy başlandy.

news-photo

01.07.2021

total-veiw

5963

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet emlägine, şol sanda maddy serişdelere gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly we beýleki meselelere garaldy.

...3344