17.03.2021
2507
Tatarystanyň mass-medialary türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler
17-nji martda Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsuly Atadurdy Baýramowyň «Татмедиа» Metbugat we köpçülikleýin kommunikasiýalar baradaky respublikan agentliginiň ýolbaşçysy Aýdar Salimgaraýew we «Новый Век» (ТНВ) teleradiokompaniýasynyň baş direktory Ilşat Aminow bilen duşuşygy boldy.
17.03.2021
4508
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergä hem-de Birleşmäniň agzalarynyň maslahatyna gatnaşyjylara
Sizi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 13 ýyllygy mynasybetli geçirilýän serginiň hem-de birleşmäniň agzalarynyň maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
16.03.2021
4431
Milli Liderimiziň paýtagtymyz we Ahal welaýaty boýunça iş sapary
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäheriň birnäçe desgalaryndaky, şeýle hem welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
16.03.2021
2449
Ählumumy gün tertibiniň wajyp meselelerini çözmek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän orny beýan edildi
ÝHHG-nyň Hemişelik geňeşiniň howpsuzyk meseleleri boýunça Komitetiniň 15-nji martda bolan nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň wekilleri 2021-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly yglan edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdielr.
16.03.2021
8758
Türkmen nakgaşlarynyň Nowruza bagyşlanan işleriniň sergisi
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Halkara Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda žiwopis işleriniň, şeýle hem amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi açyldy. Baýramçylyk sergisiniň eksponatlary baharyň we Nowruzyň özboluşly däpleriniň ruhuna atarýar.
16.03.2021
12240
Döwlet muzeýinde guralan sergi Nowruz däpleri we onuň taryhy barada gürrüň berýär
ÝuNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen we halkara derejesine eýe bolan iň gadymy baýramlaryň biri –Nowruzy türkmenistanlylar giňişleýin belleýärler.
16.03.2021
4572
Fransuz kompaniýalary Türkmenistanda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýärler
Ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň Fransiýanyň МEDEF International Telekeçiler assosiýasiýasynyň ýolbaşçyalry we iri fransuz kompaniýlarynyň 36-ynyň esasy menejerleri bilen onlaýn-duşuşygy boldy.
16.03.2021
4788
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygynda “Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guraldy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen çärä ÝHHG-niň başlygy hem-de Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň we halkara düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
15.03.2021
4464
Resmi habar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky bölümleriň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Öwezow Baýramgeldi Orazgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.
15.03.2021
3070
Türkmenistan Russiýanyň Wolga-Kama derýalarynyň töwereginiň sebitleri bilen hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär
Türkmenistanyň Kazandaky (Russiýa Federasiýasy) Baş konsullygy Türkmenistanyň, şeýle hem Çuwaşiýa Respublikasynyň we Perm ülkesiniň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň ýobaşçylarynyň gatnaşmagynda wideomaslahat aragatnaşygy arkaly duşuşygyny gurady.