30.07.2026
3329
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
29.07.2026
2915
Halkymyzyň abadançylygy we Watanymyzyň rowaçlygy — giň gerimli wezipeleriň baş maksady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriler.
29.07.2026
3366
Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Alžir Halk Demokratik Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Boumediene Guennaddan ynanç hatyny kabul etdi.
29.07.2026
3646
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň okuw-türgenleşikleri we durmuşy bilen içgin gyzyklandy.
29.07.2026
3732
Türkmenistanyň fransuz dili boýunça mugallymlary Nissada hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler
19-njy iýuldan 1-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň fransuz dili mugallymlary Fransiýanyň tebigy taýdan gözel Nissa şäherinde ýerleşýän «Frankofoniýa» dil bilimi merkezinde hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler.
29.07.2026
2463
Aşgabatda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy 29-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa edarasynyň başlygynyň orunbasary Ramazan Seçilmiş bilen duşuşygy geçirildi.
29.07.2026
2393
Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan ş.) Konsullygynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ähmiýeti barada maslahat geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy iýulynda Konsullygyň mejlisler otagynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy hem-de Halk Maslahatynyň ähmiýetini ýaşlara wagyz etmek mynasybetli maslahat geçirildi.
29.07.2026
3088
Aşgabat dünýäniň maýadarlaryny kabul etmäge taýýarlanýar: TIF-2026 forumy 1-nji oktýabrda badalga alar
1-2-nji oktýabrda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumy (TIF 2026) geçiriler. Bu çäre maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen iri halkara meýdança bolup, onda döwlet edaralarynyň, halkara maliýe institutlarynyň hem-de işewür toparlaryň wekilleri geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşyp, olary durmuşa geçirmek boýunça çözgütleri kabul ederler.
29.07.2026
2831
Ýaş türkmen tennisçi Aýlin Nuryýewa Buharada geçirilen halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
Özbegistanyň Buhara şäherinde 9 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen halkara tennis ýaryşynda (Orange Ball) türkmen tennisçisi Aýlin Nuryýewa ýeňiji bolup, halkara derejede üstünlige ýetdi.
29.07.2026
2516
Ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy
Şu gün Türkmenistanda 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy.