01.03.2024
4796
Türkmenistanyň ýaşlary Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşýarlar
Ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň we A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň wekillerinden ybarat bolan Türkmenistanyň wekiliýeti 1–8-nji mart aralygynda geçiriljek Bütindünýä ýaşlar festiwalyna gatnaşýar.
01.03.2024
8126
Ýokary mekdepleriň mugallymlary halkara suw hukugy boýunça okuwa gatnaşdylar
USAID-iň suw baýlyklary we daşky gurşaw boýunça sebitleýin taslamasynyň çäginde 28-nji fewralda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda suw diplomatiýasy, halkara suw hukugy we suw çeşmelerinden tygşytly peýdalanmak boýunça okuw geçirildi.
01.03.2024
7000
«Özbegistan – Türkmenistan» erkin söwda zolagy döredilýär
Özbegistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Kararyna laýyklykda, Horezm sebitiniň Şawat etrabynda meýdany 3,1 gektar bolan «Özbegistan – Türkmenistan» erkin söwda zolagy dörediler, bu ýerde häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan haryt saklama, saýlama, ýerleme we daşama infrastrukturasy dörediler.
01.03.2024
3863
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
Antalýada iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
01.03.2024
5453
Gahryman Arkadagymyz «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Antalýada iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
01.03.2024
6356
Türkmen mekdep okuwçylary «TeenEagle» Halkara olimpiadasynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler
Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 18–25-nji fewral aralygynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde iňlis dili boýunça geçirilen «TeenEagle» Halkara olimpiadasynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler.
01.03.2024
4843
Türkmenistan Transhazar ulag geçelgesi sanly geljege tarap ädimleri sanlylaşdyrmak boýunça seminarda wekilçilik etdi
«Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň hünärmenleri Transhazar ulag geçelgesini sanlylaşdyrmak boýunça ikinji seminara gatnaşdylar. Seminar Tbilisi şäherinde geçirildi.
01.03.2024
6346
Milli medeni mirasymyza bagyşlanan maslahat
Ýurdumyzda dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen halkynyň milli medeni mirasyny öwrenmek, gorap saklamak, wagyz etmek we nesillere ýetirmek boýunça tutumly işler amala aşyrylýar.
01.03.2024
4551
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Şu gün 3-nji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşygy boldy.
01.03.2024
5496
Pakistanyň Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
Şu gün, 2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň, Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan, Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Irfan Ahmet bilen duşuşygy geçirildi.