Ï Türkmen mekdep okuwçylary «TeenEagle» Halkara olimpiadasynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen mekdep okuwçylary «TeenEagle» Halkara olimpiadasynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler

view-icon 4128

Türkmenistanyň mekdep okuwçylary 18–25-nji fewral aralygynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde iňlis dili boýunça geçirilen «TeenEagle» Halkara olimpiadasynda ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmen okuwçylary dürli gymmatlykdaky medallaryň jemi 32-sini: Gran-pri medallaryň 10-syny, altyn medallaryň 6-syny, kümüş medallaryň 5-sini we bürünç medallaryň 11-sini gazandylar.

Okuwçylarymyz dünýäniň dürli ýurtlaryna wekilçilik edýän deň-duşlary bilen birlikde, ýaş aýratynlyklaryň üçüsi – kiçi, orta we uly ýaşlar boýunça bäsleşigiň alty ugrunda ýaryşdylar. 

Umuman, şu ýyl olimpiada dünýäniň dürli ýurtlarynyň 50-sinden müňden gowrak okuwçylar gatnaşdylar.

Türkmenistana olimpiadada ýurdumyzyň orta mekdepleriniň zehinli okuwçylarynyň 15-si wekilçilik etdi. Olaryň ajaýyp çykyşlary özleriniň mynasyp bolan baýraklaryny peşgeş berdi. 

«TeenEagle» 8 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky mekdep okuwçylary üçin iňlis dili boýunça her ýyl geçirilýän halkara olimpiadadyr. Olimpiadanyň iki sany esasy: onlaýn-tapgyr we ählumumy final bäsleşigi bolup, ol dünýäniň üç ýurdunda – Malaýziýada, Angliýada we Italiýada geçirilýär. Olimpiada gatnaşmak mekdep okuwçylary üçin dil biliş derejelerini, sözleýiş, ýazuw başarnyklaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilikdir.