01.09.2023
19330
Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň borçlary barada umumy sapak geçdi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän ýaş hünärmenler, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, mugallymlary we talyplary, mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
01.09.2023
18026
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyndaky çykyşy
Eziz Diýarymyzda bu gün siz bilen bagly uly toýlar tutulýar. Menem öz gezegimde sizi eziz Watanymyzda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýän bu baýram bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
01.09.2023
3190
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ýewraziýa atly sport assosiasiýasynyň prezidenti M.Seçina bilen duşuşdy.
01.09.2023
3984
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary bilen duşuşygy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli guralýan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Kataryň Atçylyk federasiýasynyň Baş sekretary Şeýh Ahmad bin Nuh Al-Tani bilen duşuşdy.
01.09.2023
21994
Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli täze binalaryň açylyş dabaralary
1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda täze, 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň ýaňlandy.
01.09.2023
13235
Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy başlandy
1-nji sentýabrdan 1-ni oktýabr aralygynda geçiriljek ýol hereketiniň howpsuzlygynyň bir aýlygynyň çäginde Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna has köp üns berler.
01.09.2023
11510
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy birnäçe şahadatnama mynasyp boldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde bu Akademiýa şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.
01.09.2023
6839
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýene biri geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
01.09.2023
9922
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Halkara şahadatnamasynyň birnäçesine mynasyp boldy
Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna Halkara şahadatnalarynyň gowşuruş dabarasy geçirildi.
01.09.2023
10110
Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizildi
Arkadag şäheriniň bilim edaralarynyň açylyş dabaralarynyň çäklerinde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birnäçesiniň ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilmegi mynasybetli Halkara şahadatnamalaryň gowşuryş dabarasy geçirildi.