31.08.2023
3949
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly dabara bilen bellenýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
31.08.2023
6629
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden mähirli gutlaýaryn.
31.08.2023
6346
Tebigy taýdan arassa, datly içgiler
Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäherindäki «Zürýada hyzmat» hususy kärhanasy ýakynda gazlandyrylan alkogolsyz içgileriň hem-de arassalanan agyz suwunyň önümçiligini üstünlikli ýola goýdy.
31.08.2023
5704
Aşgabatda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi
2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
31.08.2023
7091
Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary ýygym möwsümine taýýarlyk gördüler
Daşoguz welaýatynda ýetişdirilen pagta hasylyny ýygmaga taýýarlyk işleri üstünlikli durmuşa geçirilýär.
31.08.2023
5401
Türkmenistan we Gruziýa halkara awtomobil ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmagy maksat edinýär
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda awtomobilde ýük daşalyşynyň meseleleri boýunça Garyşyk iş toparynyň nobatdaky mejlisinde halkara awtomobil ýük daşalyşynyň möçberini artdyrmak meselesine garaldy. Duşuşyk Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginde geçirildi.
31.08.2023
6241
Birinji synpa ilkinji gezek!
Däp bolşy ýaly, 1-nji sentýabrda Şekillendiriş sungaty muzeýi Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli suratkeşleriň bu tema bagyşlanan suratlarynyň we heýkelleriniň sergisini gurady.
30.08.2023
4707
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
30.08.2023
4137
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
30.08.2023
5888
Primorskiý kraý sebitiniň çagalaryna ynsanperwerlik kömegi üçin Russiýa Federasiýasyndan hoşallyk
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrligi Türkmenistana hoşallyk hatyny iberdi. Hatda tebigy hadysa zerarly ejir çeken Primorskiý kraý sebitinde ýaşaýan çagalara ýurdumyzyň iberen ynsanperwerlik kömegi üçin çuňňur hoşallyk beýan edilýär.