23.07.2023
4685
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, arzuwlaryny iberdi.
23.07.2023
4204
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markosa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Filippinler Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
23.07.2023
5967
Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň Prezidenti Abdel Fattah Al-Sisä ýurduň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
23.07.2023
3125
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
23.07.2023
4715
Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi
Şu gün Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde Geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu jemgyýetçilik-syýasy çäre hereket edýän saýlaw kanunçylygyna we Türkmenistanyň Mejlisiniň degişli kararyna laýyklykda guraldy.
22.07.2023
5872
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
22.07.2023
8854
M.B.Seýitmämmedow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Myratgeldi Ballyýewiç Seýitmämmedowy Türkmenistanyň Katar Döwletindäki (Doha şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
22.07.2023
3311
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň — TÜRKSOÝ-nyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli geçirilendigi üçin hoşallyk bildirýärin.
22.07.2023
5591
Türkmenistanda döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibi taýýarlanylýar
Düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ykdysadyýet boýunça wise-premýer H.Geldimyradow ýurdumyzyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda taýýarlanan Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalary barada aýtdy.
22.07.2023
5344
Türkmenistan – Aýlagdaky arap döwletleri: hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Geçen hepdede Jidda şäheri «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» sammitine gatnaşyjylary kabul etdi.