04.11.2022
7340
Türkmen küştçüleri Aziýa çempionatynda halkara kadalaryny berjaý etdiler
Türkmen küştçüleri Saparmyrat Atabaýew bilen Azat Nurmämmedow Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçirilen küşt boýunça Aziýa çempionatynda halkara kadalaryny berjaý etdiler, onda erkekler (açyk) we zenanlar toparynda 9 türgen ýurdumyzdan wekilçilik etdiler.
03.11.2022
6881
2022-nji ýylyň oktýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Geçen aýda geçirilen köp sanly syýasy we işewürlik duşuşyklary, gepleşikler, halkara forumlardyr maslahatlar, sergiler hem-de beýleki möhüm wakalar ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli amala aşyrýan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça alyp baran işlerini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.
03.11.2022
7039
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Russiýanyň ýokary döwlet sylagy gowşuryldy
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna dowam edýän resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
03.11.2022
6817
Futbol boýunça Aziýa kubogy 2024-iň saýlama ýaryşynda Türkmenistanyň zenanlar toparynyň (U17) bäsdeşleri kesgitlendi
Bangladeşiň, Singapuryň we Birleşen Arap Emirlikleriniň toparlary şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen futbol boýunça 2024-Aziýa kubogynyň saýlama ýaryşynyň bije çekişliginiň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň ýaş zenanlar ýygyndy toparynyň (17 ýaşa çenli) bäsdeşi boldular.
03.11.2022
6780
«Altyn asyr» topary ýeňiş gazandy
17-nji tapgyryň jemleýji oýnunda Türkmenbaşynyň «Şagadam» toparyny 1:3 hasabynda utup, «Altyn asyryň» futbolçylary ýeňiş gazandylar.
03.11.2022
7079
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary (U20) futbol boýunça Aziýa Kubogy-2024-iň saýlama oýunlarynda Eýran we Bangladeş bilen oýnar
Türkmenistanyň zenanlar topary (20 ýaşa çenli) futbol boýunça Aziýa Kubogy-2024-iň saýlama ýaryşynda Eýranyň we Bangladeşiň toparlary bilen duşuşar. Şu gün Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) Aziýa futbol konfederasiýasynyň merkezinde geçirilen bije atyşlygyň netijesi şeýle.
03.11.2022
7157
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara nebit we gaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 31-nji oktýabrdan 3-nji noýabr aralygynda Abu Dabi şäherinde (BAE) geçirilen Halkara nebit we gaz sergisine we ADIPEC maslahatynda gatnaşdy.
03.11.2022
16544
Türkmenistanda 2023-nji ýylda Türkmen-rus uniwersitetiniň düýbi tutular
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna saparynyň dowamynda 2023-nji ýylda Türkmenistanda Türkmen-rus uniwersitetiniň düýbüniň tutuljakdygyny belledi.
03.11.2022
6533
Türkmenistanyň Daşary işler ministri YHG-nyň Baş sekretary bilen wideokonferensiýa arkaly duşuşyk geçirdi
2022-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Noziri bilen wideokonferensiýa arkaly duşuşdy. Bu barada ýurdumyzyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.
02.11.2022
5674
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp baran işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle-de mejlisiň gün tertibine garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy hem-de asudalygy üpjün etmek, Ýaragly Güýçleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.