29.07.2022
4135
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Siziň ähliňizi ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
29.07.2022
3970
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri hem-de döwlet durmuşynyň beýleki käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
29.07.2022
20435
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.H.Goçmollaýew hakynda
Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýewi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
29.07.2022
9964
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ý.D.Nuryýew hakynda
Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Diýar» žurnalynyň baş redaktory wezipesinden boşatmaly.
29.07.2022
29807
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Agamurad Baýramgeldiýewiç Haýytmuradowy başga işe geçmegi sebäpli, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň başlygy wezipesinden boşatmak hakynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň paýdarlarynyň umumy ýygnagynyň 2022-nji ýylyň 26-njy iýulynda çykaran 1-nji karary tassyklanyldy.
29.07.2022
5052
Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
29.07.2022
5594
Haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylary Watanymyza dolanyp geldiler
Gurban baýramynyň nurana günlerinde Mekgede we Medinede haj parzyny berjaý eden türkmen zyýaratçylarynyň topary Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler.
29.07.2022
5546
Öňdäki toparlar barha arany açýarlar
Türkmenistanyň ikinji tapgyrynyň jemleýji bölümi Türkmenbaşy şäherinde geçirilýän 2022-nji ýyl Futzal Superligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary tamamlandy. Garaşylyşy ýaly, öňde barýan üç topar beýlekilerden arany barha açmak bilen, ýene bir ýeňiş gazandy.
29.07.2022
6675
«Derýaýollary» – AGPJ: öňde durýan wezipeler
«Derýaýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti boýunça ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri daşamak, gämileri we läbiksorujylary abatlamak işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
29.07.2022
8574
Halyçylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary
«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşigine ýokary derejeli haly gölleriniň ýigrimiden gowyrak naýbaşy nusgalaryny döretdiler. Bäsleşigiň şerti boýunça olaryň on üçüsi ilkinji saýlama tapgyryndan üstünlikli geçdi.