14.04.2022
13961
«Parahatçylygyň ýaş çaparlary»: ýedinji oýun
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň guran «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň «Akgoýunly, Garagoýunly, Memluk türkmen döwletleriniň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly tema boýunça 7-nji oýny geçirildi.
14.04.2022
4381
Aşgabat-Baku: hyzmatdaşlyk pugtalanýar
Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky Strategik barlaglar boýunça Merkeziniň ýolbaşçysy Şiri Şiriýew Azerbaýjan Respublikasynyň Diplomatik akademiýasynyň ösüş we diplomatiýa institutynyň trening-programmanyň ýolbaşçysy Nargiz Ismaýilowa bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi.
14.04.2022
11476
Elektrik enjamlary öndürilýär
Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesiniň golaýyndaky senagat zolagynda ýerleşýän “Demir ölçeg” hususy kärhanasy köpugurly elektrik enjamlaryny öndürýär. Bu kärhana Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Serdarberdi Mätiýewiň ýolbaşçylyk edýär.
14.04.2022
12086
Zehin bäsleşigi geçirildi
2022-nji ýylyň aprel aýynyň 14-ne Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda «Zehin älemi» atly zehin bäsleşigi geçirildi.
14.04.2022
12074
Türkmen kompaniýasy «GÖRK» filament lampalarynyň täze görnüşlerini önümçiligine goşdy
«Abat şekil» hojalyk jemgyýetiniň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik kärhanasynda öndürilýän «GÖRK» haryt nyşanly filament lampalary ýokary hilliligi bilen tapawutlanýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekiçiler birleşmesiniň web-saýtynda habar berilýär.
13.04.2022
12871
Hormatly Prezidentimiz Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan sergide bolup, ýurdumyzyň işewür düzümleriniň öndürýän önümleri, senagat harytlary hem-de olaryň görnüşleri bilen tanyşdy.
13.04.2022
5795
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
13.04.2022
13705
Tehniki uglerod öndürýän zawod ulanmaga berildi
Şu gün Mary etrabynda täze önümçilik desgasy — ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi.
13.04.2022
9666
Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallary we hyzmatlary kämilleşdirilýär
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ýurdumyzyň çäginden geçýän iri halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň ugrunda ýerleşýän Türkmenbaşy halkara deňiz portunda gümrük amallaryny we hyzmatlary kämilleşdirmek boýunça pudagara iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.
13.04.2022
13669
Ýüpek gurçugyny idetmek işleri gyzgalaňly dowam edýär
Lebap welaýatynyň ýüpekçileri şu möwsümde ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň 1010 tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Bu bolsa ýurdumyzda jemi öndürilýän 2300 tonna piläniň 50 göterimine golaý.