15.02.2022
5567
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini Döwletiň dikeldilen güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda we onuň üsti bilen ýurduň ähli halkyna Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
15.02.2022
6618
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen
Şu gün paýtagtymyzda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň Sebit edarasy bilen bilelikde guraldy.
15.02.2022
7223
Belarus Respublikasynyň ilçisi belarus-türkmen hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada gürrüň berdi
Aşgabatda Berlarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda Respublikan referendumyna taýýarlyk görlüşine bagyşlanan brifing geçirdi.
15.02.2022
21552
Güjüm agajynyň saýasynda
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde ýerleşýäň Daşoguz welaýatynyň çäginde ösýän iň owadan agaçlaryň biri-de güjümdir. Başynda gümmez şekilli «täç» bolan bu daragtyň goýry saýasy jöwzadan ygtybarly penadyr. Ýerli gojalar güjümiň, başgaça aýdylanda, garagajyň howany gowy arassalaýandygyny tassyklaýarlar.
14.02.2022
7911
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň telefon arkaly söhbetdeşligi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
14.02.2022
22331
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek başlandy
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň nobatdan daşary IX gurultaýy geçirildi. Ýurdumyzyň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemek gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.
14.02.2022
9328
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini Döwlet güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe hem-de ýurduň ähli halkyna Serbiýanyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
14.02.2022
7752
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisine hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyna telegrammalary iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýewe hem-de “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Millere telegrammalary iberdi. Olarda döwlet Baştutanymyz täze, 2022-nji ýyl mynasybetli mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
14.02.2022
8301
Diýarymyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
Şu gün Dänew etrabynyň medeniýet öýüniň maslahatlar zalynda 2021-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Dänew etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.
14.02.2022
46000
Hepdelik howa maglumaty
Ýurdumyzda hepdäniň başynda bulutly we ýagyşly howa garaşylýar. Hepdäniň dynç günlerinde howa +17 gradusa çenli maýlar.