14.02.2022
8301
Diýarymyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
Şu gün Dänew etrabynyň medeniýet öýüniň maslahatlar zalynda 2021-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan Dänew etrabyna degişli baýragy — ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy.
14.02.2022
46000
Hepdelik howa maglumaty
Ýurdumyzda hepdäniň başynda bulutly we ýagyşly howa garaşylýar. Hepdäniň dynç günlerinde howa +17 gradusa çenli maýlar.
14.02.2022
9072
Ekologiýa syýasaty halkymyzyň bähbidine
Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa Merkezi bilen Türkmenistanyň Döwlet suw hojalyk komitetiniň özara hyzmatdaşlyk etmek baradaky gol çekilen Ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet suw hojalyk komitetiniň «Garagumderýasuwhojalyk» müdirligi Garagum derýasynyň kenar ýakalarynda bag ekmek çäresini geçirdi. Çäräniň dowamynda ýüzlerçe dürli görnüşli bag nahallary oturdyldy.
14.02.2022
12904
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama ýaryşyna taýýarlyk görüp başlady
Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary apreliň 10-12-si aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçiriljek Aziýa Kubogy-2022-niň saýlama ýaryşyna taýýarlyk görüp başlady.
14.02.2022
3270
GDA-nyň Elektrik energetikasy geňeşiniň 30 ýyllygy
GDA-nyň elektrik energetikasy geňeşiniň döredilmegine 30 ýyl boldy. Ol 1992-nji ýylyň 14-nji fewralynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň elektrik energetika pudagynda döwletara gatnaşyklaryny utgaşdyrmak baradaky şertnama laýyklykda döredilipdi. GDA-nyň elektrik energetikasy geňeşiniň düzümine GDA agza ýurtlaryň elektrik energetikasy müdirlikleriniň we milli energetika edaralaryň ýolbaşçylary girýär. GDA-nyň Elektrik energetikasy geňeşiniň 2021-nji ýylyň 30-njy iýunyndaky 58-nji mejlisiniň karary bilen onuň prezidentligine Russiýa Federasiýasynyň Energetika ministri N.G.Şulginow, wise-prezidentligine bolsa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.K.Pürçekow bellenildi.
14.02.2022
3825
Dünýä ülňülerine laýyklykda
Daşoguz şäherinde 450 orunlyk täze köpugurly hassahana toplumynynyň we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygy soňky tapgyrda alnyp barylýar. Bu täze saglyk desgalaryny «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhananyň hünärmenleri bina edýärler.
14.02.2022
8960
«Teatr» serialynyň režissýory bilen söhbetdeşlik
Işgärimiz Azady Myradowyň «Teatr» teleserialy baradaky maglumaty KHS-iň ünsüni özüne çekdi. Magtymguly adyndaky Türkmen sazly drama teatrynyň aktýory Döwletgeldi Berdiýewiň sahnadaky we sahna arkasyndaky aktýorlar barada teleserial döretmek boýunça synagy hem teatr işgärlerini, hem-de teatr söýüjileri gyzyklandyrdy.
13.02.2022
8312
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde beren tabşyryklaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi.
13.02.2022
9112
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy.
12.02.2022
6430
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň hökümet wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýary kabul etdi.