24.12.2021
5587
Türkmen kärhanalaryna ISO şahadatnamalary berildi
Balkan welaýatynyň «Batly gadam» hususy kärhanasyna we «Türkmen deňiz hyzmatlary» HJ-ne ISO halkara ülňüleriniň talaplary boýunça halkara sertifikatlary berildi.
24.12.2021
4938
Ýaz ekişine taýýarlyk
2021-nji ýylda döwlete pagta tabşyrmaklygyň şertnamalaýyn borçnamasyny artygy bilen berjaý eden Lebap welaýatynyň obasenagat toplumynyň işgärleri ýurdumyza rysgal – bereket bolup gadam basýan Täze 2022-nji ýylda hem «Ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler.
24.12.2021
8190
Sergi geçirildi
Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebinde halk ertekileriniň we Magtymgulynyň eserleriniň bezegine yglan edilen bäsleşige 240 okuwçy gatnaşdy.
23.12.2021
9791
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk ählumumy möhüm wezipedir
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitiniň barşynda häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde durýan howanyň üýtgemegi, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm meselä aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hususan-da, ekologiýa taýdan arassa energiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki hereketler ylalaşyldy. Soňky döwürde bu babatda kabul edilen halkara resminamalar bar bolan gurallary pugtalandyrmaga ýardam eder.
23.12.2021
12730
Türkmenistanyň Prezidentiniň A.G.Rejepalyýew hakynda Permany
Rejepalyýew Atamyrat Gurbandurdyýewiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
23.12.2021
10086
Türkmenistanyň Prezidentiniň A.B.Aramow hakynda Permany
Abdymuhammet Begmyradowiç Aramowy Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
23.12.2021
12478
Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Abdylla Bäşimowiç Annaberdiýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
23.12.2021
9057
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Didar Kakabaýewiç Nurmuhammedow Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
23.12.2021
9558
Göwün islän sowgadyň bar
Her çaga Täze ýylda Aýaz babadan sowgat almagy arzuw edýär.
23.12.2021
9404
Medine Baýramdurdyýewa – dogup barýan sirk ýyldyzy we diňe olam däl ...
Medine Baýramdurdyýewa 5 ýaşynda sirk sahnasyna çykdy. Ýaşajyk artist özüne ynanylan çykyşlaryň hötdesinden ezberlik bilen gelýärdi we ýeten derejesi bilen kanagatlanman, repertuaryny giňeldýärdi.