11.04.2026
3408
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna amala aşyran saparynyň çäklerinde Atom energiýasy boýunça halkara agentligiň (AEHA) ştab-kwartirasynda agentligiň Baş direktory Rafael Grossi bilen duşuşyk geçirip, atom energiýasyny parahatçylykly maksatlar üçin ulanmaga degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.
11.04.2026
5559
Geljegiň magistraly: Türkmenistanda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy tamamlandy
Türkmenistanda logistika ulgamynda möhüm waka bolup geçdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary – Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi.
11.04.2026
4657
Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen möhüm gepleşiklere taýýarlanýar
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Maslahatyň esasy meseleleriniň biri 2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň ýedinji mejlisine taýýarlyk boldy.
11.04.2026
4369
Zenan gözelliginden ylham alan XIX – XX asyrlaryň fransuz sazlary
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygy astynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň gatnaşmagynda fransuz pianinoçysy Kristin Fonlýuptyň konserti geçirildi.
11.04.2026
4395
Ýuriý Gagariniň mirasyndan – türkmen kosmonawtynyň geljegine çenli
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilim, ylym we medeniýet bölümi binasynda Ýuriý Gagarinyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.
11.04.2026
4397
Türkmenistanyň Ilçisiniň «Oba hojalygynyň irrigasiýasy we mehanizasiýasy inženerleri Daşkent instituty» milli ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory bilen duşuşygy
2026-njy ýylyň 9-njy aprelinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Ş.Meredow «Tashkent irregasiýa we oba hojalygyny mehanizasiýa inženerleri instituty» ylmy-barlag uniwersitetiniň rektory B.Mirzaýew bilen duşuşdy.
11.04.2026
4336
Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
2026-njy ýylyň 7-nji aprelinde Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda Pakistanyň Lahor söwda-senagat edarasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Wekiliýete edaranyň Baş sekretary Şahid Halil ýolbaşçylyk etdi.
10.04.2026
4636
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
10.04.2026
5213
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy geçirildi. Bu möhüm waka ýurdumyzyň ulag ulgamynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.
10.04.2026
4386
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Garaşsyz ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ynha, şu gün hem Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň çäklerinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň şaýady bolýarys. Biz şu gün Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarys. Men siziň ähliňizi bu şatlykly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.