15.10.2025
4176
Türkmenistanyň Prezidenti «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi.
15.10.2025
8586
Paýtagtymyzda «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi
Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy maslahat geçirildi.
15.10.2025
5086
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde italýan diliniň XXV Bütindünýä hepdeligine badalga berildi
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti (HYYweÖU) dünýäde italýan diliniň XXV hepdeliginiň (Settimana della Lingua Italiana nel Mondo) çäklerinde çäreleriň tapgyryny geçirdi.
15.10.2025
5780
Aşgabatda talyplaryň arasynda himiýa boýunça IV halkara olimpiada geçirilýär
Türkmenistanyň paýtagtynda ýokary okuw mekdepleriň arasynda himiýa boýunça geçirilýän IV halkara olimpiada badalga berildi. Himiýaçylaryň bäsleşigi 15 – 17-nji oktýabry aralygynda geçirilýär.
15.10.2025
4855
Aşgabatda «Tango ritminde» atly konsert geçirildi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Tango ritminde» atly konsert geçirildi. Çäre zehinli aýdymçydyr sazandalary we toparlary bir ýere jemläp, tansyň duýgur ritmlerine bagyşlanan dürli eserleri tomaşaçylara hödürledi.
15.10.2025
5127
Hazar ýakasynyň gidromorf ekologik ulgamlary öwrenilýär
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hem-de Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerine bilelikde ylmy ekspedisiýa gurady.
15.10.2025
5420
Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan bäsleşik we sergi
Türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetinň genji-hazynasyna goşan milli gymmatlyklarynyň biri hem türkmen alabaýlarydyr.
15.10.2025
4678
«Ak altyn» ussatlarynyň armasyny ýetirýärler
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary 13 müň gektar pagta ýerinden bol we ýokary hilli hasyl ýygnamagy meýilleşdirýärler. Bu ugurda olar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda pagta ýygymyny guramaçylykly geçirmek babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alyp, önümçilik depginlerini barha ýokarlandyrýarlar.
14.10.2025
4941
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Daewoo» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» koreý kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju bilen duşuşdy.
14.10.2025
4438
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Size we türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de abadançylyk baradaky arzuwlarymy beýan etmäge rugsat ediň!