31.05.2025
2817
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen gudratynyň aýdyň nyşany hökmünde ykrar edilen we häzirki zaman binagärlik tejribesiniň nusgasyna öwrülen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
31.05.2025
3190
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda dünýäde bagtyýar çagalaryň, olaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edilen ata Watanymyzda giňden bellenip geçilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.
31.05.2025
4613
Almaty Tehnologiýa uniwersitetinde (ATU) Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy maýynda Almaty Tehnologiýa uniwersitetinde (ATU) Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Ilçihanasynyň gatnaşmagynda çäre guraldy.
31.05.2025
3217
Baku şäherinde “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi
2025-nji ýylyň 26-27-nji maýynda Baku şäherinde Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Azerbaýjanyň Hazar uniwersiteti bilen bilelikde, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi.
31.05.2025
1732
Mal keselleriniň öňüni almak, olara epidemiologik gözegçilik etmek we gözegçiligi ýola goýmak boýunça hünärmenler üçin okuw geçirildi
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky edarasy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde maldan geçýän keselleriň öňüni almak, olara epidemiologik gözegçilik etmek we gözegçiligi ýola goýmak boýunça milli hünärmenler üçin bäş günlük okuw geçirdi.
31.05.2025
3624
«Arkadag» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynda öňdeligini berkitdi
«Arkadag» toparynyň futbolçylary ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň çempionatynda öňdeligini güýçlendirip, iň ýakyn bäsdeşi «Ahal» toparyndan tapawudyny 5 utuk artdyrdy.
31.05.2025
4365
«Köpetdag» topary Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda öňdeligini saklaýar
Aşgabadyň «Köpetdag» topary ýakyn bäsdeşi «Ahal» toparyndan 5 utuk öňe saýlanyp, Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda öňdeligini ynamly dowam etdirýär. Bu Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport toplumynda geçirilen 9-njy tapgyryň netijelerinden soň şeýle boldy.
31.05.2025
3206
Aşgabatda Ýewropa güni we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ylgaw boýunça sport ýaryşy geçirildi
Şu gün Aşgabatda baýramçylyk ruhunda geçirilen köpçülikleýin ylgawa dürli ýaşdaky 500-den gowrak adam gatnaşdy.
30.05.2025
3810
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy
Şu gün Gazagystan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
30.05.2025
4717
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.