27.05.2025
6057
Halkymyzyň abadançylygy baradaky alada — döwlet syýasatynyň wajyp ugry
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan döredijilikli ýoly üstünlikli dowam etdirýän, ýurdumyzy ösüşleriň belent sepgitlerine tarap alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmelerinde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge öz beýanyny tapýar.
27.05.2025
3130
Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň doganlyk halkyna Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
27.05.2025
3095
Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Nikuşor Daniýel Dana Rumyniýanyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
27.05.2025
5069
Daşoguz welaýatynda pile tabşyrmak dowam edýär
Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri kabul ediş nokatlaryna pile tabşyrmak işini ýokary derejede alyp barýarlar. Gysga wagtyň içinde eýýäm bu gymmatly çig malyň iki ýüz tonnasy tabşyryldy. Pile tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary 184 tonna bolan Şabat etrabynyň we şu ýyl dokma senagaty üçin 80 tonna möhüm çig mal taýýarlamagy meýilleşdirýän Görogly etrabynyň pileçileri bu jogapkärçilikli işi guramaçylykly alyp barýarlar.
27.05.2025
3247
BMG-niň halkara meýletinçisi türkmen uniwersitetinde okuw sapagyny gurady
BMG-niň halkara meýletinçisi, ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri boýunça hünärmen Çonju Wu Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde okuw sapagyny gurady.
27.05.2025
4882
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri sanly ulgam arkaly okuwlary geçýärler
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri adam gorlaryny dolandyrmak ulgamy boýunça sanly ulgam arkaly okuwlary geçýärler.
27.05.2025
2987
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çärä gatnaşmaga çagyrýar
2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped güni Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit edarasy ulag, daşky gurşaw we saglygy goramak umumy Ýewropa maksatnamasynyň çäklerinde «Geliň hereket edeliň! Köp ýöremegiň we welosiped sürmegiň 100 sebäbi» çäresine başlaýar.
27.05.2025
3147
Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýaş harby işgärlerine harby derejeleri gowşurylyş dabarasy geçirildi
2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýaş harby gullukçylaryna harby dereje bermek dabarasy geçirildi.
27.05.2025
3927
Türkmenistanyň Ilçisiniň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 27-nji maýynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň Prezidenti Kýosuke Nagatanyň we Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subainiň arasynda duşuşyk geçirildi.
27.05.2025
3525
«Türkmen uniwersiteti» gazetiniň täze sany çapdan çykdy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň her aýda bir gezek neşir edilýän «Türkmen uniwersiteti» gazetiniň maý aýyndaky sany çapdan çykdy.