24.07.2025
3902
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
24.07.2025
4106
Minskde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan maslahat geçirildi
2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegine, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi.
24.07.2025
4820
Türkmen talyplary Rumyniýada önümçilik tejribeligini geçdiler
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary we mugallymlary Rumyniýada Kluž-Napokanyň tehniki uniwersitetinde, şeýle hem «Tenaris», «Bosch» we «Emerson» halkara kompaniýalarynda önümçilik tejribesini geçdiler.
24.07.2025
4773
Alymlar Kigali düzedişini durmuşa geçirmek meýilnamalary bilen tanyşdyrdylar
Aşgabatda «Arçabil» myhmanhananyň mejlisler zalynda 2016-njy ýylda Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasynyň Monreal teswirnamasyna kabul edilen we 2020-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan tassyklanan Kigali düzedişiniň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň çäginde milli meýilnamalar we işiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
24.07.2025
4115
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
23.07.2025
11454
Ulag ulgamy — dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm şertleriniň biri
Şu ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makalalar toplumyny dowam etmek bilen, onuň çäklerinde meýilleşdirilýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurly çäreleriň möhümdigini bellemek gerek.
23.07.2025
5421
Türkmenistanda dalaşgärler üçin maglumatlar saýty we ykjam goşundy işi girizildi
Türkmenistanyň Bilim ministrligi dalasgar.bilim.tm atly habarlar platformasyny işe girizdi. Onuň kömegi bilen dalaşgärler göni wagtyň özünde ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylyň kabul ediş möwsüminiň barşyny synlap bilýärler.
23.07.2025
6961
Heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmedow döredijilikli maşgalanyň başynda durýar
Aşgabatlylar üçin Türkmenistanyň halk suratkeşi Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň döredijiligindäki iň meşhur işi «Gülüstan» merkezi şäher bazaryndaky feruladyr. Halk arasynda bu ösümlige «Keýigokara» diýilýär.
23.07.2025
6282
Awazada geçiriljek foruma bagyşlanan maslahat
Daşoguzda bolup geçen «Ýaşlar syýasaty – täze eýýamyň ganaty, forum beýik geljegiň ak bagty» atly maslahat «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgust aýynyň başynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň doly ähmiýetini ýaşlara açyp görkezmek üçin niýetlenendir.
23.07.2025
3787
Türkmenistanyň we San-Marino Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen San Marinonyň Daşary işler, syýasy meseleler, halkara ykdysady hyzmatdaşlyk we sanly geçiş boýunça ministri Luka Bekkariniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.