01.07.2025
4644
Türkmenistanda «Ýaş tebigatçy: ýaşyl dünýä, eşretli geljek» atly döredijilik bäsleşigi badalga aldy
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ekologik medeniýeti emele getirmäge we tebigata aýawly çemeleşmäge gönükdirilen döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bu işiň başyny «Watan» gazeti «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde tutdy.
01.07.2025
2891
Özbegistanyň talyplary Türkmenistanda tejribelik geçýärler
Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde 25-nji iýundan 4-nji iýula çenli döwürde guralan okuw-önümçülik tejribeligini geçýärler.
01.07.2025
3091
Daşoguzda «Makämiň» hünärmenleri täze mekdebiň gurluşygyna başladylar
Daşogzuň «Gülistan» ýaşaýyş toplumynda ýene bir orta bilim berýän 600 orunlyk döwrebap mekdebiň gurluşygy başlandy. Bu desgany «Mäkäm» hususy kärhananyň hünärmenleri üç ýarym gektar meýdanda bina ederler.
01.07.2025
3090
Türkmenistan bilen Zambiýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Zambiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Mulambo Haimbäniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
01.07.2025
3875
ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäginde geçirilen ugurdaş çäräniň dowamynda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde bitaraplygyň goşandy ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda Portugaliýanyň Porto şäherinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň 32-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: howpsuz we durnukly gelejek üçin köptaraplylygy berkitmek” atly ugurdaş çäräni geçirdi.
01.07.2025
4335
Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory hanym Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
30.06.2025
4114
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
30.06.2025
5034
Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Farýal Legarini kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
30.06.2025
4926
Ildeşimiz «Technovation Girls» maksatnamasynyň «GALA-2025» atly abraýly baýragynyň eýesi boldy
«Technovation Girls» halkara maksatnamasynyň Türkmenistandan bolan ilçisi Saparguly Magtumow «Ilçileriň Liderligi Bütindünýä Sylagy» – «GALA-2025» («Global Ambassador Leadership Award») abraýly baýragyň eýesi boldy.
30.06.2025
4848
TDHÇMB-nyö söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 19 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.