10.12.2024
6131
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, ösüp gelýän ýaş nesilleri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
10.12.2024
4469
Moskwada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Ata pendi» atly film görkezildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 9-njy dekabrda bolup geçen giňişleýin mejlisinde tamamlanýan ýylyň dowamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça amal eden işiniň netijelerini jemlemek bilen, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenendigini nygtap geçdi.
10.12.2024
3924
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynyň «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň nobatdaky, üçünji sanynda ýurdumyzyň alymlarynyň Watanymyzyň ösüşinde ylmyň dürli pudaklarynda ileri tutulýan ugurlar boýunça ýerine ýetiren işleri ýerleşdirilipdir.
10.12.2024
5385
Türkmen futbolçylarynyň 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama oýunlaryndaky garşydaşlary belli boldy
Tailandyň, Hytaý Taýbeýiniň we Şri-Lankanyň milli ýygyndylary Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama oýunlaryna bije netijesinde türkmen futbolçylary bilen oýnarlar.
10.12.2024
10106
Paýtagtymyzdaky S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli konsert geçirildi
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.
10.12.2024
5906
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda baýramçylyk breýn-ringi geçirildi
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda Halkara Bitaraplyk gününi hem-de ýetip gelýän Täze – 2025-nji ýyl baýramyna bagyşlanylyp, ýurdumyzyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Açyk breýn-ringi geçirildi.
10.12.2024
3600
Türkmenistanyň Daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň kanunyň hökmürowanlygy we howpsuzlyk edaralary boýunça Kömekçisi bilen duşuşdy
2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmensiatnyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen BMG-niň Baş sekretarynyň kanunyň hökmürowanlygy we howpsuzlyk edaralary boýunça Kömekçisi Aleksandr Zuýewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
09.12.2024
5259
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi.
09.12.2024
3888
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Şu gün biz 2024-nji ýylda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyna degişli alnyp barlan işleriň jemlerini jemläris. Şeýle hem ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys.
09.12.2024
3639
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowy Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda