22.06.2026
2195
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň talyby halkara bäsleşikde ýeňiji boldy
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «GDA döwletleriniň iň gowy talyby» atly ýaşlaryň halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy.
22.06.2026
2286
Ahalteke bedewleri – umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy
Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem, tutuş umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýar.
22.06.2026
2164
Halkara ýoga güni giňden bellenildi
21-nji iýunda Hindistanyň Türkmenistandaky ilçihanasy gadymy sagdyn durmuş ýörelgesiniň muşdaklaryny we ähli gyzyklanýanlary Halkara ýoga gününiň baýramçylygyna gatnaşmaga çagyrdy.
22.06.2026
1133
Ýurdumyzda yssy howa hepdäniň ahyryna çenli dowam eder
Türkmenistanda 22-28-nji iýun aralygynda yssy howanyň saklanmagyna garaşylýar. Gündizki howanyň iň ýokary temperaturasy +43 gradusa çenli ýeter. Hepdäniň ikinji ýarymynda käbir ýerlerde gysga wagtlyk ýagşyň ýagmagy mümkin.
22.06.2026
422
«Pikirler gijesi» Aşgabat şäheriniň döredijilikli ýaşlaryny birleşdirdi
21-nji iýunda Türkmenistandaky Fransuz instituty «Pikirler gijesi» atly halkara başlangyjyň bir bölegine öwrüldi. Pariždäki Fransuz instituty tarapyndan esaslandyrylan bu ählumumy taslama her ýyl dünýäniň onlarça şäherini birleşdirip, pikir alyşmak üçin bitewi intellektual we medeni giňişligi döredýär.
22.06.2026
2168
Ýollar – doganlyk gatnaşyklarynyň dowamaty
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümini, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny gysga wagtda kemala getirmek maksady bilen tutumly işler amala aşyryldy.
22.06.2026
1502
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 62 million 520 müň dollaryndan gowrak boldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny we motor ýagyny satyn aldylar.
22.06.2026
2198
Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
21.06.2026
1158
Disneý ertekileriniň täsin sazlary ýaňlandy
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konserti uly üstünlik we doly anşlag bilen geçirildi.
21.06.2026
992
Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça bäş ýyllyk Milli maksatnama tassyklanyldy
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanyň» hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda Karara gol çekdi.