15.04.2024
5412
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy.
15.04.2024
8554
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.B.ABDYLLAÝEW hakynda
Amanmyrat Berdimyradowiç Abdyllaýewi, saglyk ýagdaýy sebäpli, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
15.04.2024
7600
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.K.TAGANOW hakynda
Berdimuhammet Kakajanowiç Taganowy Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
15.04.2024
7991
S.Kakabaýew Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Serdar Annamyradowiç Kakabaýew Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.
15.04.2024
9538
Döwlet Baştutanymyz Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasarlaryny wezipä belledi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kakageldi Rejepbaýewiç Haýtekow Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
15.04.2024
10770
M.Öwezmyradow Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetberdi Şadurdyýewiç Öwezmyradow Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi.
15.04.2024
5260
Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady
Şu gün paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar.
15.04.2024
5407
Deňizde haryt we ýolagçy daşamalarynyň ösüşi artýar
Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şu ýylyň birinji çärýegi üçin ýük daşamak meýilnamasyny ep-esli artygy bilen ýerine ýetirdi.
15.04.2024
4832
Amerikaly topar Aşgabatda konsert berdi
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda alýaskaly A kapella toparynyň Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hory bilen bilelikdäki konserti boldy.
15.04.2024
17317
«Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» kitabynyň aň-bilim we terbiýeçilik gymmaty
Türkmenistanda döredijilik duşuşyklary we aň-bilim çäreleri geçirilýär, bu duşuşyklarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň mazmuny, aň-bilim we terbiýeçilik ähmiýeti barada giňişleýin jemgyýetçilik tanyşdyrylyşy dowam edýär.