13.04.2024
4754
Türkmenistanda köp görkezijili toparlaýyn barlag geçirmek boýunça işler tamamlandy
Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-nyň goldawy bilen, Türkmenistanda köp görkezijili toparlaýyn barlag (MICS7) geçirmek boýunça meýdan işlerini üstünlikli tamamlady. 2024-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri geçen bu barlagyň çäginde jemi 6800 hojalyga barlyp görüldi.
12.04.2024
5380
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy.
12.04.2024
3766
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Gazagystanyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň ähli halkyna iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
12.04.2024
14282
Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň 100-si «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşdyrylan olimpiadanyň finalynda çykyş ederler
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly II utgaşdyrylan olimpiadanyň II tapgyrynyň netijelerini yglan etdi. Bäsleşik ýokary okuw mekdep tarapyndan ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 9-10-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda guralýar.
12.04.2024
6533
Mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar «Kompozitor» filminiň görkezilişine gatnaşdylar
Şu günler paýtagtymyzyň kinokonsert merkezlerinde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň «Kompozitor» atly täze filmi görkezilýär.
12.04.2024
6104
Halkara guramalar Türkmenistanyň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyny ebedileşdirmek ugrundaky tagallalaryny goldaýarlar
ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor 11-nji aprelde bolup geçen «Parahatçylygy ilerletmek: Ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahatda eden çykyşynda: «ÝHHG Türkmenistanyň Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň mirasyny ebedileşdirmek ugrundaky tagallalaryny goldaýar, çünki onuň döredijiliginde ÝHHG-niň we Türkmenistanyň ileri tutýan ýörelgeleri bolan ynsanperwerlik, parahatlyk, düşünişmek we hoşniýetli goňşuçylyk beýan edilipdir» diýdi.
12.04.2024
6068
Türkmen bedewi – gözelligiň nusgasy
Bu at bilen Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan sergi guraldy.
12.04.2024
5391
«Отдых-2024» atly sergi-ýarmarkasynda Türkmenistanyň syýahatçylyk önümleri görkeziler
Türkmenistan aprel aýynyň 18–21-i aralygynda Minsk şäherinde boljak «Отдых-2024» atly 26-njy halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar. «Отдых-2024» sergä gelenlere dynç alşyň we göwün açmagyň dürli mümkinçilikleri barada hakyky maglumat hödürlär.
12.04.2024
4825
«Sekiz bagyň» önümleri göreni haýrana goýýar
Şu ýyl «Sekiz bag» hojalygy ilkinji gezek saflor ekip başlady. Zeýtun ýagynyň ornuny tutýan bu önümi daýhan birleşiginiň işgärleri Tejen etrabynyň bäş gektar meýdanynda ekdi.
12.04.2024
6417
Daşoguzda «Saýlanan Bina» täze jemgyýetçilik abadançylygy jaýyny gurýar
Daşoguzda täze «Hyzmatlar öýi» binasynyň gurluşygy başlandy. Ol «Saýlanan Bina» hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan şäheriň halkara howa menziline barýan awtoulag ýolunyň ugrunda gurulýan täze ýaşaýyş toplumynda ýaşaýjylara hyzmat etmek üçin gurulýar.