11.06.2026
8377
Türkmen türgeni erkin göreş boýunça 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy
17 ýaşly aşgabatly Şaapbas Esgerow Wýetnamyň Da Nang şäherinde geçirilen 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldy. «Olimp» orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy bu üstünligi 80 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip gazandy. Bu derejede 15 türgen çempionlyk ugrunda bäsleşdi.
11.06.2026
2682
Pol Nadar. Merkezi Aziýanyň ýüregine syýahat
Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde «Türkmen topragyna syýahat» atly üýtgeşik fotosergi açyldy. Sergi Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawynda Türkmenistandaky Fransuz instituty we Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Fotoserginiň açylyş dabarasyna Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, gazet-žurnallaryň žurnalistleridir fotohabarçylary, muzeý işgärleri, taryhçylar we etnograflar gatnaşdylar.
11.06.2026
2161
Türkmenistanyň Ilçisi Portugaliýanyň güni, Kamoens güni we portugal jemgyýetleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy
2026-njy ýylyň 9–10-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky we Portugaliýa Respublikasyndaky Ilçisi M. Çaryýew Terseýra adasynda (Azor adalary) Portugaliýanyň güni, Kamoens güni we portugal jemgyýetleriniň güni mynasybetli geçirilen döwlet çärelerine gatnaşdy.
10.06.2026
4126
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Köp sanly iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri, halkara forumlar, sergiler, medeni çäreler halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirilýän giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan netijeli işlerini aýdyň görkezýär.
10.06.2026
6101
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky (Nýu-Deli şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Maldiwler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
10.06.2026
2414
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Sizi Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
10.06.2026
5180
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilýän möçberini mundan beýläk-de artdyrmak hem-de ygtybarly azyk bolçulygyny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Azyk senagaty döwlet birleşigine hem-de Mary welaýatynyň häkimligine Mary welaýatynyň etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ylmy esasda ýola goýmak bilen, gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
10.06.2026
2308
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Finlýandiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maria Agreden ynanç hatyny kabul etdi.
10.06.2026
4161
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
Türkmenistanda galla oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem düýn bu işe girişdiler.
10.06.2026
2115
Adam hukuklaryny goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek
2026-njy ýylyň 10-njy iýunynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Halk goragçysy (Ombudsmen) L.Ioseliani bilen duşuşdy.