Jemgyýet
26.12.2025
4987
Çagalaryň baýramçylyk dabaralary
Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan täze ýyly garşylamak mynasybetli baýramçylyk çäresi geçirildi. Dabara Watanymyzyň geljegi bolan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemmetaraplaýyn aladalary bilen gurşalan bagtyýar çagalar gatnaşdylar. Dabara Täze ýylyň baş gahrymanlary bolan Aýazbabadyr Garpamygyň şadyýan çagyryşlary bilen başlandy.
26.12.2025
3621
Bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak — Türkmenistanyň ösüş filosofiýasynyň esasy üç birligidir
Aşgabatda geçirilen «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabaraly çärede Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy netijelerini beýan etdi.
26.12.2025
3551
Türkmenistan Bitaraplyk derejesiniň bütin adamzadyň bähbidine hyzmat etmäge taýýardygyny iş ýüzünde subut etdi
Türkmenistan özüniň Bitaraplyk derejesiniň adamzada hyzmat etmegiň we ählumumy abadançylyga ýardam bermegiň netijeliligini iş ýüzünde subut etdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly gadamlary» atly dabaraly çäräniň dowamynda aýtdy.
26.12.2025
3715
Beýik işler täze taryhy döwrüň kuwwatly güýji
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tagallalary netijesinde tamamlanyp barýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Ajaýyp dabaralara, şanly wakalara beslenen hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk taryhy senesiniň uludan toýlanylan buýsançly ýylynyň bütin dünýä ýaň salan dabaralary kalplarymyzda unudylmajak ýakymly täsirleri galdyrdy.
25.12.2025
8640
Türkmenistan 2026-njy – Täze ýyly bellemäge taýýarlanýar
Täze ýylyň baýram howasy ýurdumyzyň şäherleriniň köçelerine eýýäm ýaýyldy. Müňlerçe çyralar, bezegli dükan aýnalary we ýaldyrawuk arçalar Täze ýyl gudratlaryna intizar ýürekleri ýylylyk bilen dolduryp, owsun hem şatlyk duýgusyny döredýär.
25.12.2025
2825
ÝHHG Türkmenistanda media sowatlylygy ösdürmäge goldaw bermegini dowam etdirer
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde media sowatlylygy boýunça milli tälimçileriň utgaşdyryjy duşuşygy geçirildi. Ol bu ugurda hünärmenleri taýýarlamak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilişine aralyk baha bermäge bagyşlandy.
24.12.2025
3638
Aşgabatda ýaşlaryň Ýewraziýa integrasiýadaky we sanly üýtgeşmedäki orny ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň paýtagtynda «Ýewraziýa integrasiýasynyň geljegi – täze sanly dünýädäki ýaşlaryň orny» diýen at bilen «tegelek stol» duşuşygy geçirildi. Bu çäräni Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Ylym, bilim, we medeniýet bölümi gurady.
23.12.2025
4408
Aşgabatda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak baradaky goşantlaryna jemgyýetçiligiň gatnaşmagy ara alnyp maslahatlaşyldy
2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda paýtagtymyzda «Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we zenanlaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek» atly klimat dialogy geçirildi.
23.12.2025
4131
Daşoguzda Adalat müdirligi üçin täze edara binasy gurulýar
Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde Daşoguz welaýat Adalat müdirligi üçin täze edara binasynyň gurluşygy dowam edýär. Gurulýan binanyň umumy meýdany bir gektardan gowrak.
22.12.2025
4627
Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.